Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Poroşenko ýeňiş gazanandygyny aýdýar


Pýotr Poroşenko

Pýotr Poroşenko

Ukrainada deputat we telekeçi Pýotr Poroşenko ýurtda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Ses berilişikden soňky egzit-pollaryň netijelerine görä, Poroşenko saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda sesleriň 56%-ni almagy başarypdyr.

Ikinji orunda ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko dur. Ol sesleriň 12% töweregini alypdyr.

Poroşenko çykyş edip, ilkinji nobatda Ukrainada çaknyşyklary bes etmek we parahatçylygy dikeltmek ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG