Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Kompýuter we adamyň eli.

Kompýuter we adamyň eli.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda sosial ulgamlar bütin dünýäde, şol sanda türkmen ýaşlarynyň arasynda-da giňden ulanylýar. Emma bu sosial ulgamlardan käbir adamlar oňyn peýdalansalar, ýagny interneti käbir wakalary, täzelikleri paýlaşmak, dogan-garyndaşlary, joralary, dostlary bilen habarlaşmak üçin ulansalar, käbir adamlar interneti ýaman niýet bilen ulanýarlar.

Ýagny, käbir internet ulanyjylar sosial ulgamlarda öňden bar bolan başga bir adamyň adyna täze galp hasap açyp, onuň suratlaryny goýup, hamana adyna hasap açylan adam ýaly bolup hereket edýärler. Bir adamyň ady bilen täze başga bir galp hasap açmak daşary ýurtlarda mundan öň hem gabat gelýärdi. Emma türkmen ýaşlarynyň arasynda bu ýagdaý soňky aýlarda göze ilip başlady.

"VKontakte"

Ýakynda "VKontakte" sosial ulgamynda türkmen ýaslarynyň biri hem şeýle ýagdaýa duçar bolupdyr. Ol Aýna Saryýewa. Aýna 15-nji maýda öz adyna açylan galp hasaby surata düşürip öz hakyky sahypasynda paýlaşypdyr we onuň ýokarysynda hem şol galp hasabyň linkini goýup, "Haýyş su hasaby bloklaýyň" diýip ýazypdyr. Aýtmaly zat, gürrüňi edilýän galp hasapda Aýnanyň birneme oňaýsyz suratlary hem ýerleşdirilipdir.

Aýna Saryýewany goldamak üçin "Born in Turkmenistan" topary kampaniýa başladypdyr. Bu topar öz goldaw kampaniýasynda şeýle diýýär: "Gyzlar, galp hasap açdylar we ol hasapda hem gyzlaryň oňaýsyz haldaky suratlaryny goýýarlar. Kömek edip bilersiňizmi? Etmelije zadyňyz şol hasaby şikaýat etmek we şikaýat edeniňizden soň, teswir böluminde "+" alamatyny galdyrmak" diýip, Aýna Saryýewa goldaw bermäge çagyrypdyr.

“Born in Turkmenistan” topary tarapyndan Aýna Saryýewanyň adyna açylan galp hasaby şikaýat etmek üçin 15-nji maýda başladylan kampaniýa 26-njy maýa çenli 27 adam şikaýat etdim diýip, “+” alamatyny galdyrypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda Kislorod atly agzanyň “Zenanlar näme üçin biwepalyk edýär?” diýen sorag bilen gozgan temasy okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Temanyň adyndan hem belli bolşy ýaly, onda zenanlaryň söýgülisine ýa-da ýanýoldaşyna näme üçin biwepalyk edýändigi barada gürrüň edilýär.

15-nji maýda gozgalan bu tema 26-njy maýa çenli jemi 1443 sapar okalyp, 60 gezek hem halanypdyr we oňa 95 sany teswir ýazylypdyr. Temany gozgan agza “adamyň beýnisindäki hipotalamus diýlen bölegiň erkeklerde has uludygyny we bu bölegiň erkeklerde testeron gormonyny köp bölüp çykarýandygy sebäpli, erkekleriň islegleri hem köp bolýar” diýýär. Ol zenanlar barada bolsa şeýle diýýär: “Bir çagany göwrede götermek (dokuz aý), ony ulaltmak we iýmitlendirmek (5 ýyl töweregi) wagt alýany üçin zenanlaryň islegleriniň az bolmagy tebigy, adaty ýagdaý”.

Tema şeýle sözler bilen dowam edýär: “Bir zenan hiç wagt başga erkegi isläni üçin biwepalyk etmez. Bagtly ýaşaýan we söyülýän bir aýalyň biwepalyk etmek ähtimaly hatda 0 diýip bileris. Ýöne bagtly ýaşaýan, oňat aýaly bar erkegiň biwepalyk etmek ähtimaly 90%-dir” diýýär.

Temany gozgan Kislorod atly agza nobatdaky ýazjak zatlaryny bir daşary ýurt dilindäki maglumatdan terjime edendigini ýazyp, şeýle diýýär: “Zenanlaryň biwepalyk etmegine sebäp bolýan zatlary soranlarynda, olar şeýle jogaplary beripdirler: “Meni kemsidýärdi, hiç wagt söymändi”, “Biwepalykda aýyplaýardy, günasizdim, indi bolsa aýyplamagy ýa-da şübhelenmegi üçin oňa bir sebäp tapyp berdim”, “Meni gynap, lezzet alýardy, özi hem indi ejir çekip görsün” , “Ejesiniň eteginden aýrylmady, işini hem menden gowy görýärdi”, “Maňa köp biwepalyk etdi, öýe hemişe giç gelýärdi”. Bu sebäplere seredip şeyle bir netije çykaryp bolar. Zenanlar köplenç ar alamak üçin ýa-da başga birini söyse, ýa-da sizi hiç wagt söýmedik bolsa biwepalyk edýärler”.

Bu tema teswir galdyran Wonama atly agza “Kimiň biwepalyk edendigine seretmezden, hiç bir ýagdaý hem, hiç kime biwepalyk etmäge bahana bolup bilmez. Söýülmedim, ýene bir gör; bahana diýilýär muňa! Aýal diýýäň, zenan diýýäň, namys diýýäň! Yzyndan söýgini orta oklap, biwepalyk diýýäň! Bahana!” diýip öz pikirini beýan edipdir.

Temany ýazan agza bu teswire şeýle jogap galdyrypdyr: “Elbetde, bahana @wonama agza. Onuň bilen ylalaşýaryn. Men terjime etdim diňe. Ýöne bu zenanlaryň bahanasy däl. Biwepalyk edýän zenanlaryň bir böleginiň bahanasy. Ýagny, ýüz aýaldan 2 aýal biwepalyk edýär. Belki ol 2 aýaly adamsy gynap, kemsideni üçindir. Ýöne söýemok ony, başgasyny söýýän diýip biwepalyk eden müňde bir sany bolaýmasa”.
XS
SM
MD
LG