Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruhsuz galan "Ruhyýet"


Aşgabatdaky "Ruhyýet" köşgi
Aşgabatdaky "Ruhyýet" köşgi
Ady öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby bilen ilteşikli dakylan paýtagtdaky “Ruhyýet” köşgi şol kitabyň çykmagynyň öň ýanynda, ýagny 1999-njy ýylda gurlupdy. S.Nyýazowyň döwründe bu köşk esasy çäreleriň geçirilýän merkezidi.

Bäş sany gümmezli bu köşkde döwlet derejesindäki maslahatlar, baýramçylyk konsertleridir, dabaralar häzirem geçirilýär. Emma ägirt uly edilip gurlan bu köşgüň 3 müň tomaşaçylyk zalynyň ýylyň dowamynda ulanylýan wagtyndan boş durýan mahaly has köp. Soňky döwürlerde bu köşkde geçirilýän çäreleriň sany hasam azalýar.

Sebäbi paýtagtda “Maslahat” köşgüniň gurulmagy bilen indi döwlet derejesinde geçirilýän çäreleriň ep-esli bölegi şol täze köşkde geçirilýär. Bu hem “Maslahat” köşgüniň gurulmagy bilen “Ruhyýet” köşgüniň resmi derejesiniň görnetin peselendigini aňladýar.

Boş "Ruhyýet"

Ýurtda her aýda azyndan 40-50 çäre geçirilýändigine garamazdan, şol çäreleriň diňe käbirleri “Ruhyýet” köşgünde geçirilýär. Galan wagty bu köşge barýan adam ýok we barmak isleýänlere o diýen mümkinçiligem ýok.

“Ruhyýet” köşgi howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiliginde saklanylýar. Ýönekeý raýatlara bu köşge barmaga rugsat edilmeýär. Hatda ony surata düşürmäge-de rugsat edilmeýär. “Ruhyýet” köşgüni goraýan esgerler köşgüň golaýyna baran adamlary ol ýerden kowýarlar.

Bu ýagdaý hem käbir aşgabatlylaryň lapyny keç edýär. Olaryň birem özüni Ýalkap diýip tanadan aşgabatly medeniýet işgäri. Paýtagtly medeniýet işgäri Ýalkap Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Bu hili köşkleri gurmak puly ýele sowurmaklyk. Ilki gurluşygyna ep-esli pul sowmaly, soň ony saklamaga, ondaky işleýän adamlara aýlyk bermäge-de ep-esli pul çykdajy edilmeli. Şol pullar obalardaky medeniýet öýlerine berilse, gowy bolardy”.

Bu köşgüň gurluşygyna näçe puluň sarp edilendigi baradaky maglumatlary tapyp bolmady. Ýöne diňe bu köşgüň öňündäki fontanlary gurmak üçin 6 million 600 müň dollar sarp edilipdir diýip, 2008-nji ýylda resmi metbugatda habar berlen eken. Köşgi ulanmak we ony abat saklamak üçin aýda, ýylda näçe puluň sarp edilýändigi baradaky maglumatlary hem tapmak başartmady.

2012-nji ýylda bu köşkde düýpli abadanlaşdyryş işleri geçirilip, şonda hem onuň adyndan Türkmenbaşynyň ady aýrylyp, diňe “Ruhyýet” köşgi diýip atlandyryldy. Şondan ozal oňa “Türkmenbaşynyň Ruhyýet Köşgi” diýilýärdi. Ýöne, muňa garamazdan, köşgüň ýagdaýynda üýtgän zat ýok. Görnüşine görä, bu kösge indi häkimiýetleriň aýagy çekenok.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ady “Ruhnama” kitaby bilen baglanşygy bolan bu köşk ýaly “Ruhyýet” köşkleri welaýat merkezlerinde hem gurlupdy. Olaryň-da halynyň paýtagtdakydan o diýen tapawutly däldigi barada maglumatlar ýeterlik.

Paýtagtyň merkezi raýonynyň bir kwartalyny tutýan “Ruhyýet” köşgi Buig fransuz kompaniýasy tarapyndan 1999-njy ýylda gurlup, uly dabar bilen ulanylmaga berlipdi.
XS
SM
MD
LG