Sepleriň elýeterliligi

"Gullukda para-peşgeş bar"


Nyzam bilen ýöräp barýan harbylar.

Nyzam bilen ýöräp barýan harbylar.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky harby gulluk barada gürrüň edilende, Sowet döwründen miras galan “atalyk”, ýa-da “dedowşina” meselesine has köp alada bildirilýär. Bu ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem harby gullugy geçýän esgerleriň özünden kiçi çagyryşly esgelere sütem etmegi ýaly ýagdaýlaryň giňden ýaýrandygy bellenilýär.

Gurbanguly Berdimuhammedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen, bu mesele boýunça belli bir derejede özgerilişigiň göze ilýändigi aýdylýar. Emma ýurtda bu ugurdaky meseleleriň halk köpçüligine ýetirilmeýändigi sebäpli, “dedowşinanyň” gerimi barada onçakly köp maglumat hem ýok.

Habarçymyz Soltan Açylowa armiýadaky wakalary gözi bilen gören, öz başyndan geçiren ýaşlardan biri bilen bu ähli meseleler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli söhbetdeşimiz öz adynyň efirde tutulmagyny islemedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG