Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Oguzhan" hereketi çäklendirýär


Turkmenistan -- A general view shows the Presidential palace in Ashgabat, 15oct2012
Turkmenistan -- A general view shows the Presidential palace in Ashgabat, 15oct2012
Daşyndan göreniňde haýbatly galany ýatladýan “Oguzhan” köşkler toplumynyň daş-töwereginiň goralyşy munuň şeýledigini belli bir derejede tassyklaýar. Beýik haýat, haýatyň ugry boýunça garawul esgerler, haýatyň ugrunda goýlan ençeme wideokameralar…

Üç ýyl mundan ozal ulanmaga berlen “Oguzhan” prezident köşkler toplumy paýtagtyň S.Türkmenbaşy prospektinden tä Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli bir kilometre golaý uzap gidýär. Onuň ini Karl Marks köçesinden Galkynyş köçesine çenli takmynan ýarym kilometr. Bu köşk giden bir territoriýany tutýan ýapyk zonany döretdi. Onuň merkezde ýerleşmegi bolsa paýtagtlylara hereket taýdan belli bir kynçylyklary döredýär.

Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy tarapyndan bina edilen bu gala-köşkler toplumynyň golaýyndan geçip barýan pyýadalara gözüň düşmeýär. Hatda köşgüň garşysynda ýerleşen Magtymguly adyndaky Döwlet uniwersitetiniň fakultetleriniň iki sanysynyň köşge seredip duran baş girelgelerinden girip ýa-da çykyp barýan adamlara-da gözüň düşmeýär.

Bu toplumyň töwereginde ýerleşen “Nusaý” myhmanhansynyň hem-de Goranmak ministrliginiň binalar toplumynyň baş girelgelerinden-de girýän, çykýan adam ýok. Bu binalara barmak üçin adamlar jaýlaryň yzky gapylaryndan peýdalanýarlar.

Prezident köşgüň açylyş dabarasynda
Prezident köşgüň açylyş dabarasynda
Ýogsa, resmi taýdan bu toplumyň töwereklerinde pyýada gatnawyna gadagançylyk ýok. “Bu ýerden geçeniňden geçmäniň gowy. Nirä barýaň diýip, ýakaňdan tutulaýjak ýaly bolýarsyň” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Kerim aýdýar.

Emma “Oguzhan” köşkler toplumynyň gapdalyndaky iki sany kelte köçelerden awtoulagly hereket ýörite belgi goýlup, gadagan edilen. Bu gadagançylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin ýörite ýol gözegçi polisiýa işgärleri gije-gündiz nobatçylyk edýärler.

Şol gadagan edilen köçeleriň biri prezident köşkler toplumynyň demirgazygyndan geçýän Karl Marks köçesi. Bu köçe eýýäm ençeme ýyl bäri ýönekeý awtomobil sürüjiler üçin ýapyklygyna galýar. Köşkler toplumynyň günorta tarapyndan geçýän öňki Atabaýew häzirki Galkynyş köçesiniň Türkmenbaşy şaýolundan tä Garaşsyzlyk şaýoluna çenli aralykdaky bölegi hem ýapyk.

Köçäniň bu bölegi üç ýyl mundan ozal “Oguzhan” prezident köşgi açylandan soň ýapyldy. “Mundan ozal bu köçe boýunça gatnaw bardy. Indi maşynlar prezident köşgünden bir-iki kilometr dagy aýlanyp, A.Nyýazow ýa-da Görogly köçesinden gitmeli bolýarlar. Amatly däl” diýip, paýtagtly taksiçi Döwlet bu meselede öz pikirini beýan edýär.

Köçeler petiklenýär

Köşkler toplumynyň gündogaryndan geçýän S.Türkmenbaşy prospekti hem prezidentiň köşge girip-çykmagy bilen baglanyşykly häli-şindi ýapylýar. Ylaýta-da köşgüň Görogly bilen A.Nyýazow köçeleriniň aralygy has köp petiklenýär. Netije-de Görogly köçesinde, Andalyp we A.Nyýazow prospektlerinde awtoulag dykynlary emele gelýär.

“Köplenç irden işe barýarkaň ýapýalar. Şonda Türkmenbaşy prospektinden barýan awtobuslar adaty marşrutlaryny üýtgedip, Andalypdan gitmeli bolýarlar. Dykynlar sebäpli awtobuslar Magtymguly prospektine barýança ýarym sagat dagy geçýär. Adamlar işe ýetişmeýärler” diýip, Kerim ýagdaýy düşündirýär.

Köşkler toplumynyň günbataryndan geçýän Garaşsyzlyk we Bitaraplyk prospektleri bolsa her gün diýen ýaly prezidentiň geçýänligi üçin ýapylýar. Ylaýta-da irden we gijara bu köçelerden geçip bolmaýar. Özi-de bu gadagançylyk awtoulaglylara-da pyýadalara-da degişli.

Bu köçeleriň ýapylmagynyň, hereketiň çäklendirilmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmese-de, munuň köşkde işleýänleriň howpsuzlygy we olary bimaza etmezlik üçin edilýändigi çaklanylýar. Köşkde oturanlary bimaza etmezlik üçin bu toplumyň daş-töwereginde signal bermegiň, ýagny awtoulagy düýdülletmegiň gadagandygyny duýdurýan belgiler hem goýlupdyr. Köşgüň golaýynda fotosurat almak hem gadagan.

Birnäçe ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp, üç ýylyň dowamynda gurlan “Oguzhan” köşkler toplumy 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda açyldy.

Ýerli mediada bu köşkler toplumynda daşary ýurt liderlerini we hökümet delegasiýalaryny kabul etmek, ýokary derejede duşuşyklary geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigi aýdylýar. “Oguzhan” köşkler toplumynda bir wagtda 14 sany daşary ýurt delegasiýalarynyň gatnaşmagynda köptaraply gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik bar.

Köşkler toplumy birnäçe zaldan ybarat bolup, onuň “Altyn zalynda” san taýdan çäkli ýokary derejeli wekilleriň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirilýär. “Gorkut ata” zaly bolsa giňeldilen düzümdäki delegasiýalaryň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi üçin niýetlenen. Köşgüň “Seljuk han” zaly ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijesinde gelnen ylalaşyklara gol çekmek üçin ulanylýar. “Baýram han” zalynda metbugat konferensiýalary geçirilýän bolsa, köşgüň “Magtymguly” zaly beýleki dürli medeni çärelerdir ýygnaklar üçin ulanylýar.

Bu köşkler toplumy 1997-nji ýylda gurlan öňki Türkmenbaşy prezident köşk toplumynyň dowamy boldy. Eger ilkinji – “Türkmenbaşy” köşgüni gurmak üçin 70-80 million dollar harçlanandygy aýdylýan bolsa, soňky “Oguzhan” köşkler kompleksine 250 million dollar goýberilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG