Sepleriň elýeterliligi

​ABŞ: Obama Karzaýa jaň etdi


Birleşen Ştatlaryň Ak tamy prezident Barak Obama Owganystanyň Bagram howa bazasyndan gaýtmazyndan öň, ýurtda howpsuzlyk güýçleriniň öňe gidişiklerini dabaralandyrmak üçin owgan prezidenti Hamid Karzaýa jaň etdi diýýär.

Waşingtonyň berýän maglumatyna görä, 25-nji maýda Obama bilen Karzaýyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik takmynan 15-20 minut dowam edipdir. Bu telefon jaňy, Bagram welaýatynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti bilen duşuşmak baradaky çakylygy mundan öň Karzaýyň ret edendigine garamazdan amala aşdy.

Obama Birleşen Ştatlaryň “Ýatlama gününi” Owganystandaky amerikan esgerleri bilen bilelikde bellemek maksady bilen 25-nji maýda duýdansyz ýagdaýda Bagram howa bazasyna bardy.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Owganystanyň täze prezidenti öz wezipesine başlanyndan soň, Waşington Kabul bilen ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşygyna gol goýmaga umyt edýär diýdi.

Owganystanda prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry 14-nji iýunda geçirilýär.
XS
SM
MD
LG