Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Rim Papasy Ierusalime bardy


Rim Papasy Fransis Ýakyn Gündogara edýän saparynyň soňky gününde Ierusalime bardy.

77 ýaşyndaky ýepiskop 26-njy maýda Ierusalimiň köne şäherindäki Al-Aksa metjidiniň jaýyna bardy we Ierusalimiň köne şäherindäki Günbatar diwarynda doga-dileg etdi.

Fransis Holokosta Ýad Waşem muzeýine baran mahaly “Holokostanyň çäksiz tragediýasy” barada çykyş etdi.

Fransis şu wagta çenli eden saparlaryny uzak wagtdan bäri dowam edýän Ýakyn Gündogar konfliktiniň tamamlanmagyna çagyryş etmek maksady bilen amala aşyrdy. Şeýle-de, ýepiskop Ysraýylyň we Palestinanyň prezidentlerini öňümizdäki aýyň başynda Watikana sapar etmäge we parahatçylyk üçin doga-dileg etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG