Sepleriň elýeterliligi

​Kiýew, Moskwa gepleşiklere taýýar diýdi


Ukrainanyň uly ähtimallyk bilen häkimiýet başyna geçmegine garaşylýan täze prezidenti we Moskwa Ukraina krizisi barada gepleşikleri geçirmäge taýýardyklary barada mälim etdiler.

Petro Poroşenko 26-njy maýda Kiýewde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Ukrainanyň gündogaryndaky durnuklylygyň Moskwanyň gatnaşygy bomazdan mümkin däldigini aýdyp, iýul aýynda Russiýanyň liderleri bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygyny belledi.

Şeýle-de, ol ýurduň separatist gündogaryndaky harby operasiýalary dowam etdirmek isleýändigini, ýöne muny has-da “öndümli” etjekdigini aýtdy.

Moskwada bolsa, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Russiýa Poroşenko bilen gepleşiklere taýýar diýdi.

Şeýle-de, Lawrow Moskwa “Kiýew we regionlaryň arasyndaky gepleşiklere we ylalaşyklara” Ukrainadaky krizisi çözmek üçin esasy mesele diýip hasaplaýar diýdi. Ýöne muňa garamazdan, ol Ukrainanyň gündogaryndaky separatistlere garşy operasiýalary başlamaga garşy duýduryş berdi.

Ukrainada 25-nji maýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijelerinde şokolad öndüriji milliarder Poroşenkonyň uly ähtimal bilen ýeňiş gazanjakdygy görünýär.
XS
SM
MD
LG