Sepleriň elýeterliligi

​Sibirdäki tokaý ýangyny üç esse ulaldy


Russiýanyň resmileri Sibirde dowam edýän tokaý ýangynlarynyň gaýtadan daş-töwerege ýaýramaga başlandygyny habar berýärler.

Russiýanyň Sibir federal etrabyndaky Federal tokaý gullugynyň berýän maglumatyna görä, tokaý ýangynlarynyň dowam edýän territoriýasy 23-nji maýdan bäri öňküsinden üç esse ulalypdyr.

Bu gulluk öz maglumatynda 26-nji maýa çenli takmynan 2 müň 500 gektar ýerde 24 tokaý ýangynynyň emele gelendigini aýtdy.

Altaý regionynyň Burýatiýa respublikasyndaky we Irkutsk oblastyndaky takmynan 2 müň 100 gektar ýerde başga-da 41 tokaý ýangyny söndürildi.

Takmynan 315 tokaý sakçysy we ýangynsöndüriji, 66 ýangyn söndüriji ulag we 11 uçar ýangynyň obalara we etraplara ýaýramagynyň öňüni almaga çalyşýar.
XS
SM
MD
LG