Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Kabul: Armiýanyň ulagyna hüjüm edildi


Owganystanyň paýtagtynda motosikliň üstündäki janyndan geçen hüjümçiniň harby miniawtobusa hüjüm etmegi netijesinde azyndan iki adam öldi we başga-da dokuz sanysy ýaralandy.

Gürrüňi edilýän partlama 26-njy maýda Kabulyň gündogar böleginde amala aşyryldy.
Owganystanyň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna görä, miniawtobusyň içinde işinden gaýdyp barýan ofiserler we esgerler bar eken.

Söweşijiler öňümizdäki aý Owganystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyryndan öň, Owgan howpsuzlyk güýçlerine we hökümet işgärlerine garşy amala aşyrýan hüjümleriniň gerimini artdyrdy.
XS
SM
MD
LG