Sepleriň elýeterliligi

​Türkmen, azeri, türk resmileri duşuşdy


Bakuwda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gatnaşyklary maslahat etdiler.

Raşit Meredow, Elmar Mammadýarow we Ahmed Dawutogly gepleşiklerden soň žurnalistlere beren maglumatlarynda özleriniň “Bakuw deklarasiýasyna” gol goýandyklaryny aýtdylar. Bu deklarasiýa türki dilli üç ýurduň arasynda energiýa, transport, medeniýet, syýahatçylyk we bilim pudaklarynda has köp hyzmatdaşlygy ýola goýmagy öz içine alýar.

Şeýle-de, ministrler şuňa meňzeş ýygnaklary ýylda iki sapar geçirmegi ylalaşdylar. Nobatdaky ýygnak şu ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriler.
XS
SM
MD
LG