Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukas: Ukrainada öwrülişik pursaty


“The Economist” hepdeliginiň baş redaktory Edward Lukas (Lucas)
“The Economist” hepdeliginiň baş redaktory Edward Lukas (Lucas)
Orsýetiň Ukrainadaky krizise goşulyşmagyny dowam etdirmegi üçin ýene ençeme ýol bar. 25-nji maýda ýokary gatnaşyk derejesinde geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Petro Poroşenkonyň ýeňşi bilen Kiýew öwrülişigiň belli bir tapgyryny başdan geçirdi. AÝ/AR Britaniýanyň “The Economist” hepdeliginiň baş redaktory, Orsýet boýunça synçy Edward Lukas (Lucas) bilen söhbetdeş boldy.

AÝ/AR: Siz Ukrainadaky saýlawlardan nähili netije çykardyňyz?

Edward Lukas: Bu Orsýetdäki saýlawlara düýpden meňzemedi, sebäbi biz kimiň ýeňjegini kampaniýanyň başynda bilmändik. Bu ýerde saýlamak üçin hakyky syýasy erk-isleg boldy. Muny Poroşenkonyň Timoşenko bilen bäsleşip, ýeňiş gazanmagynda görmek mümkindi, bu demokratiýa üçin adaty ýagdaý. Emma biz edil şeýle boljagyny başda bilmeýärdik. Şeýlelikde saýlawlar Putiniň dolandyrylýan demokratiýa diýilýän ideýasyna ters gelýän ýagdaýy görkezdi. Bu dolandyrylmaýan demokratýa boldy.

Edward Lukas: Aşa sagçylaryň ýeňilmegi ýene bir möhüm mesele boldy. Şeýlelikde Ukrainanyň faşistler tarapyndan dolandyrylýandygy baradaky pikirler puja çykdy. [Indi] Ukraina şokolad öndürýän adam tarapyndan dolandyrylar. Netijede “Sagçy sektor” we “Swoboda” atly aşa sagçy toparlaryň [syýasy arenadan] yza çekilmegi-de Kremliň Ukrainany betnyşan edip görkezmek synanyşyklaryna urlan güýçli zarba boldy.

AÝ/AR: Ukrainanyň günortasynda Donetsk we Lugansk regionlaryndaky gapma-garşylyk saýlawlaryň kanunylygyna zeper ýetirdi diýip pikir edýärsiňizmi?

Edward Lukas: Bu ýurduň günortasynyň diňe bir bölegidir. Eger Kryma ýitgi hökmünde garasak, ýurtda agyr zyýan çeken 10% möçberdäki iki regionyň bardygyny görmek mümkin. Şeýlelikde Ukrainanyň 90%-inde ýagdaý kadaly. Emma Ukrainanyň agzalan bölegindäki durnuksyzlygy hasaba alanyňda-da, saýlawlara gatnaşygyň derejesi köp amerikan ses berişliklerinden hem has ýokary boldy.

AÝ/AR: Ukrainadaky saýlawlaryň öwrülişik pursaty bolandygyny aýtmak mümkinmi?

Edward Lukas: Meniň pikrimçe, olar [ukrainalylar] öwrülişik pursatyndanam ozdurdylar. Olar öz geljegini özgertdiler. Iki aý mundan öň biz Kremliň zyýanynyň ýaýramagy we Krymdan Odessa çenli Noworossiýanyň döredilmegi ýaly beýannamalary eşidýärdik. Şeýle-de köp ukrainleriň öz ýurdunyň barýan ýolundan nägiledigi hem hakykatdy. Emma [saýlawlar] ukrainalylaryň köpüsiniň, haýsy dili ene dil diýip hasap edýändigine garamazdan, Orsýetiň bir bölegine öwrülmegi we öz ýurdunyň darmagyny islemeýändigini görkezdi.

AÝ/AR: Orsýet soňky günlerde yza çekilýäne meňzeýär. Siz muňa taktiki yza çekiliş hökmünde garaýarsyňyzmy?

Edward Lukas: Köplenç bolşy ýaly, Ukrainadaky ýagdaýlar Putiniň islegine görä bolmady. Bu onuň ilkinji gezek düýpli ýalňyşlyga uçraýşy däl. Ol Ýanukowiçe berk arka dursa-da, mundan netije çykmady. Ol Maýdana düşünmedi ol muny ýönekeý bir çykyşdyr öýdüp, munuň hakyky [halk] syýasy erk-isleginiň beýanydygyna düşünip bilmedi. Meniň pirkimçe, ol henizem Ukrainanyň şowsuz ýurt bolmagyny gazanmak ugrunda hereket edýär. Munuň başa barmagy-da ähtimal. Ol Ukrainanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirdi. Ol henizem öz tebigy gaz kartyny oýnaýar. Ol ýurduň günortasynyň käbir böleklerinde etnik we dil meselesinde içerki duşmançylygy tutaşdyrdy, bu ýerde köp adamlar wepat boldular we maşgalalara zeper ýetdi. Bu ýerde belli bir derejede taktiki taýdan yza çekilmek hereketi bar. Emma ol [Orsýetiň] bulaşyklyk döredip, Ukrainany agyr ýagdaýa salmaga ukyplydygyny görkezmek üçin, şeýle-de bu ýagdaýda Günbataryň güýçsüzdigini äşgär etmek üçin köp çäreleri gördi.

AÝ/AR: Putiniň indiki ädimi nähili bolar diýip pikir edýärsiňiz?

Edward Lukas: Tebigy gaz karty Putin üçin oýnamaga örän amatly mümkinçilik diýip pikir edýärin. Ol Ukrainanyň gaz üçin tölegi [öňünden we] doly tölemelidigini we eger tölemese, gazy kesjekdigini aýdyp biler. Bu bolsa Ukrainany Ýewropa tarap akdyrylýan gazy kesmek ýa-da Ukrainanyň eýýäm agyr ýagdaýdaky senagatyna ýene-de zarba uruljagyny aňladýar. Men indiki ädimiň şeýle boljagyny çak edýärin.
XS
SM
MD
LG