Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew, Moskwa dialoga taýýarlyk bildirdiler


Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Petro Poroşenko, Kiýew, 26-njy maý, 2014
Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Petro Poroşenko, Kiýew, 26-njy maý, 2014
Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Petro Poroşenko we Moskwa Ukrainada dowam edýän krizis boýunça özara maslahata taýýardyklaryny mälim etdiler.

26-njy maýda Kiýewde žurnalistleriň öňünde çykyş eden Poroşenko iýunyň başynda Orsýetiň liderleri bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy we krizisiň çözgüdine Moskwa gatnaşmasa, Ukrainanyň gündogarynda durnuklylygyň ornaşdyrylyp bilinmejekdigini belledi.

Poroşenko gündogar Ukrainandaky separatistik güýçleriň garşysyna harby çäreleriň-de dowam etdiriljekdigini, emma olaryň has “netijeli” bolmagyny gazanmak isleýändigini aýtdy.

Poroşenkonyň sözlerine görä, ol ýurduň häzirki hökümetini boýdan-başa täzelemegi ýa-da premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugy öz wezipesinden çetleşdirip, ony başga bir şahsyýet bilen çalşyrmagy planlaşdyrmaýar.

Moskwanyň reaksiýasy

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Poroşenko bilen dialoga taýýardygyny aýtdy.

Lawrow Moskwanyň Ukrainadaky krizisi çözmek ugrunda “Kiýewiň we regionlaryň arasyndaky dialoga we barlyşyga” uly ähmiýet berýändigini belledi, şol bir wagtda-da, saýlawlardan soňra, separatistlere garşy operasiýalary güýçlendirmekden saklanmalydygyny aýdyp, duýduryş berdi.

Şeýle-de Lawrow Ukrainanyň prezidentlik kampaniýasynyň “problemasyz bolmandygyny” belledi, emma Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine salgylanyp, Orsýetiň ukrain halkynyň islegine hormat goýýandygyny aýtdy.

26-njy maýda Moskwada geçirilen metbugat-konferensiýasynda Sergeý Lawrow şeýle diýdi: “Ses berişlik Ukrainanyň köp regionlarynda gurnaldy, umuman, bu, belki-de pozitiw faktdyr. Prezidentiň aýtmagyna görä, biz ukrain halkynyň erk-isleginiň beýan edilmegine hormat bilen çemeleşeris”.

Ilkinji netijeler

Ukrainada 25-nji maýda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ilkinji netijeleri Poroşenkonyň ýeňiş gazanandygyny görkezdi. Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy bütin ýurt boýunça sesleriň ýarpysy hasaplanandan soňra Poroşenkonyň 54% ses toplandygyny yglan etdi.

Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko sesleriň 13%-ni alypdyr. Prezident kürsüsi ugrundaky bu bäsleşikde Oleh Lýaşko 8,5 we Anatoliý Hrytsenko 5.5% ses alypdyrlar.

Merkezi saýlaw komissiýasy Donetsk we Lugansk regionlarynda diňe käbir saýlaw nokatlarynyň işländigine garamazdan, tutuş ýurt boýunça ses berijileriň saýlawlara gatnaşyk derejesiniň 60%-den geçendigini aýtdy. Agzalan iki region 11-nji maýda geçirilen gapma-garşylykly referendumdan soň öz garaşsyzlygyny yglan etdiler.

Ak tam Ukrainadaky saýlawlaryň netijelerini makullap, ukrainleriň “ajaýypdygyny” aýtdy we saýlawlaryň ýurduň bütewüligine tarap ýene bir ädim bolandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG