Sepleriň elýeterliligi

Kiýew “ogurlanan” gazyň puluny soraýar


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Orsýetiň Krymy anneksiýa etmeginiň netijesinde “Gazprom” kompaniýasynyň Ukraina umumy bahasy 1 milliard dollarlyk 2.2 milliard kubometr gaz bergisiniň bardygyny aýtdy.

Ýatsenýugyň 27-nji maýda aýtmagyna görä, eger “Gazprom” we Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasy gaz söwdasy baradaky dawasyny çözüp bilmeseler, Kiýew “Gazpromy” Stokgolmyň halkara arbitraž suduna bermekçi.

“Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Milleriň 27-nji maýda aýtmagyna görä, Orsýet Ukrainanyň gaz bergisi üçin 30-njy maýda 2 milliard dollar tölemegine garaşýar.

Ukraina bergisini üzmeginden ozal Orsýetiň gazyň nyrhyny öňki derejä ýetirmegini isleýär. Orsýet Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň fewral aýynda häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň Ukraina üçin gazyň nyrhyny iki esse ýokarlandyryp, her müň kubometri üçin 500 dollar talap edýär.
XS
SM
MD
LG