Sepleriň elýeterliligi

Holland ÝB-ni özgerişe çagyrýar


Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland Ýewropa Bileleşigini öz roluny güýçlendirmäge çagyrýar.

Holland 26-njy maýda telewideniýede görkezilen bu çykyşyny Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynda ýurduň immigrantlara garşy we ÝB-ne garşy “Milli front” partiýasynyň ilkini gezek ýeňiş gazanmagyndan bir gün soň etdi.

Hollandyň “Sosialist partiýasy” ÝB-niň saýlawlarynda iň pes netije gazandy. Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlarda tutuş Ýewropa boýunça aşa çepçi ýa sagçy partiýalaryň ençemesi öňe saýlandy. Analitikler muňa berk tygşytlama, işsizligiň ýaýramagy we immigrasiýa bilen baglylylykda Brussele bolan gahar-gazabyň netijesi hökmünde garaýarlar.

Hollande ÝB-niň köp raýatlar üçin “örän daşlaşan we düşnüksiz” bir gurama öwrülendigini aýtdy. Fransiýanyň prezidenti tygşytlama däl-de ösüşe, iş bilen üpjünçilige we maýa goýumlaryna ünsi güýçlendirmegiň zerurlygy barada 27-nji maýda Brusselde ÝB-niň liderlerine aýtjakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG