Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýol heläkçiliginde 16 adam wepat boldy


Pakistanyň demirgazyk-günbatar welaýatynda awtobusyň heläkçilige uçramagy zerarly 16 adam wepat boldy. Pidalaryň onusy çagalar.

Merkezi Punjab welaýatyndan Swat etrabyndaky syýahatçylyk merkezine ýolagçylary alyp barýan awtobus ýoluň derýa golaý ýerinde heläkçilige uçrady. Resmiler sürüjiniň uka gitmeginiň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Pakistan adam pidaly ýol heläkçilikleriniň sany boýunça dünýäde iň erbet ýagdaýly ýurtlaryň biri. Ýollaryň erbetliginiň, ulaglaryň könediginiň we sürüjileriň seresaplylyga ýeterlik üns bermezliginiň muňa sebäp bolýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG