Sepleriň elýeterliligi

Putin hüjümleri bes etmegi talap etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň gündogarynda onuň öz sözi bilen aýdylanda ukrain hökümetiniň “jezalandyryjy” operasiýalarynyň bes edilmegine çagyryş etdi.

Putin bu çykyşyny 26-njy maýda Donetskde hökümet güýçleri bilen söweşlerde Orsýete tarapdar onlarça separatistiň öldürilendigi barada maglumatlaryň yzýany etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý lawrow 27-nji maýda eden çykyşynda “raýatlara garşy goşun ulanmazlygy we ähli taraplaryň zorlugy bes etmegini” gazanmagyň Kiýewiň häkimiýetleri üçin ilkinji synag bolýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Lawrow Ukrainada prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Petro Poroşenkonyň Moskwa saparynyň “göz öňünde tutulmaýandygyny” aýtdy. Poroşenko bolsa Moskwa bilen gepleşikleriň gündogarda ýaragly separatistik gozgalaňlaryň soňuna çykmak üçin ýardam bermegine umyt bildiripdi.
XS
SM
MD
LG