Sepleriň elýeterliligi

Köýtendagyň 'amatsyz' mellekleri


Lebap welaýatynyň iň gündogar etraplarynyň biri hasaplanýan Köýtendagda-da, ýurduň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, iki aý töweregi mundan ozal ýerli ilata mellek ýerleri paýlanyp başlandy.

Özüniň owadan tebigaty, daglyk landşafty we gür baglygy bilen tapawutlanýan Köýtendagyň eteginde oturan bu adybir şäherçede mellek ýerler, esasan, dagyň eteginden berilýär. Paýlanan mellek ýerler bilen onuň gaýrasyndaky daglaryň arasy 1 kilometr töweregi bolup, aralykdan diňe bir demir ýol liniýasy geçýär.

Mellek ýerleri ýerli ilata 6 sotkadan paýlanylyp we netijede uzak ýyllaryň dowamynda boş ýatan giňişligi ýerli ilatyň peýdalanmagy, özleşdirmegi üçin şert döredi.

Emma ozal tebsiräp ýatan bu ýerleriň mellek ýeri edinmäge näderejede ýaramly boljakdygy babatynda dürli garaýyşlar bar. Ýerli köýtendaglylaryň arasynda mellek ýer üçin hojalyklara bölünip berilýän ýerlerden nägile bolýanlar hem ýok däl.

Suw

Ilki bilen, ýaşaýjylar paýlanyp berlen ýerlerde suw üpjünçiliginden närazydyklaryny aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylar täze paýlanylýan mellekleriň töwerekleri hasaplanylýan “Aeroport” we 3-nji çagalar bagynyň golaýyndaky sebitlere turbalar arkaly suwuň çekilmändigini, regionyň daglyk aýratynlyklary sebäpli beýleki ýerlerdäki ýaly ýerasty suwlardan peýdalanmak üçin guýy gazdyryp bilmeýändiklerini adýarlar.

Köýtendagly ildeşimiziň biri Mekan mellek ýerleri paýlanmazdan ozal, turuwbaşdan ol ýerde ýaşajak adamlaryň amatlyklary göz öňünde tutulmalydygyny aýdýar. Mekan bu barada şeýle diýýär: “Dagyň etegine suw çykarmy näme?! Hökümet adamlary [ýerleri paýlamazdan ozal] bu zatlar hakda pikir etmezmi?!”.

Bu ýerleriň adamlary 20 manat töweregi pul berip, ýörite ulagalrada suwy özleriniň daşatmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Zir-zibil

Köýdendaglylaryň nägileligine bu mellek ýerleriň gabat garşysynda eýýäm uzak wagtdan bäri hapa taşlanýan zir-zibil meýdany hem sebäp bolýar. 2 gektara golaý meýdanda aňkap, daş-töweregine ýakymsyz ys ýaýradýan bu bulam-bujarlykda: köne paketler, poslan demirler, plastmassa gaplar, dürli galyndylar hem bar.

Köýtdendagly Mekan bu ýerleri arassalamagyň bu taýdan mellek ýerleri berlen ýaşaýjylaryň gerdenine düşýändigini nygtap, bu taýyk eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda zir-zibiliň zyňlyp gelnendigini aýdýar.

Köýtendag etrabynda mellek ýerler ençeme wagtdan bäri nobata duran adamlara paýlanypdyr. Mellek ýerlerini almak üçin hem käbir talaplar bar: ilki bilen 18 ýaşyň dolmaly, soňra-da öýlenen bolmaly we, galyberse-de, adyňda ozaldan hiç hili mellegiň ýa bolmasa ýaşaýyş jaýyň bolmazlygy talap edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG