Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Obamanyň beýanatyny “Talyban” ýazgardy


Owganystanyň prezidentlik saýlawlaryna dalaş edýän kandidatlar Birleşen Ştatlaryň goşunynyň ýurtdan çykmak baradaky täze planyna gowy baha berdi, “Talyban” hereketi bolsa ony “dowam edýän basybalyş” diýip ýazgardy.

27-nji maýda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 2014-nji ýyldan soň hem Owganystanda Birleşen Ştatlaryň 9 müň 800 goşunynyň galmagy üçin tagalla etjekdigini yglan etdi.
2015-nji ýylyň ahyryna çenli olaryň sany iki esse azaldylyp, 2016-njy ýylyň ahyryna çenli Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ähli goşuny ýurdy terk eder.

“Associated Press” habar gullugyna salgylanyp berilýän maglumata görä, öňümizdäki aý Owganystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda bäsleşjek iki kandidat - öňki daşary işler ministri Abdullah Abdullah we öňki maliýe ministri Aşraf Gani Obamanyň ýaýradan beýanatyny gowy garş aldy.

“Talyban” hereketi bolsa ýaýradan öz beýanatynda Birleşen Ştatlaryň goşunynyň ýurtda galmagyny “özygtyýarlylygyň, diniň we adam hukuklarynyň bozulmagy” diýip hasaplaýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG