Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Rus resmisi Putin Olland bilen duşuşar diýdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany Ukrainadaky krizisi maslahatlaşmak üçin Putiniň Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland (Francois Hollande) bilen 5-nji iýunda Parižde gepleşikleri geçirjekdigini aýtdy.

Putin II Jahan urşunyň tamamlanmagy bilen baglanyşykly dabaralardan bir gün öň Olland bilen duşuşar.

Mart aýynda Russiýa Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa edensoň, Putiniň Fransiýanyň lideri bilen geçirjek ilkinji duşuşygydyr.

Şeýle-de, Ýuriý Uşakow Ukrainanyň hökümetiniň ýurduň gündogarynda alyp barýan “öjükdiriji” diýip atlandyran harby çäreleriniň krizisi has-da çykgynsyz ýagdaýa salýandygyny aýtdy.

Bu aralykda “Reuters” habar gullugynyň NATO-nyň harby ofiserine salgylanyp berýän maglumatynda ukrain araçäginiň golaýyndaky territoriýadan Russiýanyň müňlerçe goşunyny yza çekendigi, emma heniz hem başga-da müňlerçesiniň bardygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG