Sepleriň elýeterliligi

​Eýran: MERS wirusy anyklanyldy


Eýran heläkçilikli Ýakyn Gündogar agyr dem alyş sindromy - MERS bilen kesellän iki adamy hasaba aldy.

Eýranyň metbugaty ýurduň Saglyk ministrliginiň resmisi Mohammad Mahdi Gouýa salgylanyp, yslam respublikasynyň gündogaryndaky Kerman welaýatynda iki gyz doganda “MERS” keseline sebäp bolýan wirusyň kesgitlenendigini habar berýär.

Maglumatlarda gyz doganlaryň biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Eýranyň saglyk ministrliginiň resmisi Gouýa gyzlaryň maşgalasynda ýene-de iki adamda gürrüňi edilýän wirusyň bolmagynyň ähtimaldygyny belledi. Olara bu wirusyň Saud Arabystanyna haj zyýaratyny edenlerden ýokuşandygyna ynanylýar.

Tutuş dünýäde MERS wirusy hasaba alnandan bäri, bu wirus bilen kesellänleriň aglabasy Saud Arabystanynda hasaba alyndy. Takmynan 600 adam bu kesel bilen keselläp, olaryň 175 sanysy öldi.
XS
SM
MD
LG