Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazak aktiwistleri tussag edildi


Gazagystanyň Astana şäherinde ýurduň “Ýewraziýa ykdysady bileleşigine” girmegine garşy protest geçiren ýedi aktiwist dört güne çenli türme tussaglygyna höküm edildi.

Şeýle-de, 27-nji maýda Astananyň golaýyndaky Ilýinka şäherinde bolan bu waka barada köpçülige maglumat beren üç žurnalist, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň habarçysy Orken Žoýamergen dört günlük administratiw tussaglyga höküm edildi.

Žoýamergen 27-nji maýda kiçi huligançylykda günäli tapyldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň baş redaktory Nenad Peýis (Nanad Pejic) öz beýanatynda azat metbugatyň bozulmagy diýip, Žoýamergeniň tussag edilmegini ýazgardy. Peýis “Ol beýleki žurnalistler bilen bir birlikde gyssagly boşadylmalydyr” diýdi.

Ilki başda Gazagystanyň polisiýasy 29-njy maýda protest çärelerini geçirmegi planlaşdyrmak üçin Ilýinka şäherinde ýygnanan 20 aktiwisti tussag etdi. 29-njy maýda gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň rus we belarus kärdeşleri Wladimir Putini we Aleksandr Lukaşenkony garşy almagyna we olaryň “Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň” döredilmegi üçin ylalaşyga gol goýmagyna garaşylýar.

Tussag edilen aýallaryň we adamlaryň ýarysy soňundan boşadyldy.
XS
SM
MD
LG