Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetden geçiş ýeňilligi çäklendirilýär


Gazagystanyň serhet geçelgesi
Gazagystanyň serhet geçelgesi
Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhedinden ýeňilleşdirilen tertipde geçmek düzgüniniň wagtlaýynça ýatyrylandygy habar berilýär.

Gazagystanyň habar serişdeleri Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhetýaka etraplarynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi sebäpli, daşary ýurtlular üçin Türkmenistanyň giňişligine ýeňilleşdirilen tertipde barmak düzgüniniň 2014-nji ýylyň 30-njy maýyna çenli wagtlaýynça ýatyrylandygy barada maglumat ýaýradyp, bu çäräniň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň agzalan serhetýaka etraplara sapar edýänligi bilen baglydygyny habar berdiler.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň umumy serhedinden iki tarapa “Temir-baba” awtoulag gümrük nokadyndan we “Bolaşak” demirýol gümrük nokadyndan geçip bolýar.

Ýeňilleşdirilen düzgün

“Temir-baba” gümrük gullugynda Azatlyk Radiosyna iki ýurduň arasyndaky serhetden wizasyz geçmek düzgüniniň wagtlaýynça ýatyrylmagynyň Gazagystanyňam, Türkmenistanyňam raýatlaryna deň derejede degişlidigini aýtdylar. Ýöne bu çäklendirmeleriň ýakyn günlerde ýatyrylmagyna garaşylýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň hökümetleriniň arasynda iki ýurduň raýatlarynyň özara gatnawy barada 2001-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga görä, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ilaty Gazagystanyň Atyrau we Mangyşlak welaýatlaryna, Gazagystanyň agzalan welaýatlarynyň ilaty-da Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günüň dowamynda wizasyz sapar edip bilýärler. Ýurtlaryň diplomatik ýa-da gulluk pasportly raýatlary bolsa goňşy ýurtda 30 günüň dowamynda wizasyz bolup bilýärler.

Gazagystanyň raýatlarynyň Türkmenistana agzalan möhletlerden has uzak wagtlyk sapary resmi tertipde alnan wizalaryň esasynda amala aşyrylýar.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň sehetýaka giňişliklerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýan ýeri olaryň pasportlarynda goýlan propiska möhürleri esasynda kesgitlenýär.

Türkmenistan 1999-njy ýylda öňki postsowet döwletleriniň ählisi bilen wiza režimini girizipdi. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ozal ýola goýlan serhetýaka welaýatlaryň ilatynyň üç günlük möhlet bilen ýeňilleşdirilen tertipde serhetden geçmek düzgüni 2013-nji ýylda ýatyryldy.
XS
SM
MD
LG