Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Obama ýörite fondy yglan etdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň daşary syýasat ugurlary boýunça möhüm çykyş etdi. Obama çykyşynyň dowamynda häzirki gün Birleşen Ştatlara esasy howpuň terrorizmden abanýandygyny nygtady.

Obama 28-nji maýda “West Point” harby akademiýada eden çykyşynda Kongrese ýüzlenip, “5 milliard amerikan dollary möçberindäki täze “Terrorizme garşy göreş hyzmatdaşlyk fonduny” ykrar etmegi üçin” çagyryş etdi.

Obama “Birleşen Ştatlaryň esasy bähbitleri üçin gerek bolsa, ýurduň harby güýçlerini birtaraplaýyn görnüşde ulanjakdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy. Ýöne ol harby güýjüň oýlanşykly ulanylmalydygyny hem-de ähli taraplarynyň we netijeleriniň öňünden seljerilmelidigini belledi.
XS
SM
MD
LG