Sepleriň elýeterliligi

Obama: "Esasy howp terrordan abanýar"


Prezident Barak Obama West Point Harby Akademiýasynda söz sözleýär. 28-nji maý, 2014.

Prezident Barak Obama West Point Harby Akademiýasynda söz sözleýär. 28-nji maý, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz sözlän giň göwrümli daşary syýasat sözünde Birleşen Ştatlara we dünýä şu günki gün iň uly howpuň terrorizmden abanýandygyny aýtdy.

Obama 28-nji maýda West Point Harby Akademiýasynda çykyş edip, Amerikanyň dünýäde üýtgewsiz öňdebaryjylyk roluna ünsi çekdi. Şol bir wagtda-da ol harby herekete girişmezden öň sabyrlylygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny nygtady.

"Birleşen Ştatlar harby güýji birtaraply ýagdaýda diňe zerur bolanda, haçanda biziň düýp bähbitlerimiz talap edende, haçanda biziň halkymyza howp abananda, haçanda biziň durmuş-ýaşaýyş serişdelerimize wehim salnanda, ýa-da biziň ýaranlarymyzyň howpsuzlygy howp astyna düşende ulanar."

Terrora garşy täze fond

Prezident Obama Birleşen Ştatlaryň kanun çykaryjylaryny täze, Terrorizme garşy döredilýän 5 milliard dollarlyk hyzmatdaşlyk fonduny tassyk etmäge çagyrdy.

Ol bu fonduň «tälim bermek, ukyp-başarnygy giňeltmek we front liniýalaryndaky hyzmatdaş ýurtlara ýardam etmek mümkinçiligini berjegini» aýtdy.

Waşington 27-nji maýda Owganystandaky amerikan esgerleriniň şu ýylyň aýagyna çenli hemmesini däl-de, eýsem 9800-sini çykarjakdygyny, galanlaryny 2016-njy ýylyň ahyryna çenli çykaryp, ABŞ-nyň on ýyldan hem gowrak wagta çeken harby goşulyşmasyny soňlajakdygyny aýtdy.

Obama 28-nji maýda Owganystandaky uruş tagallalarynyň soňlanmagynyň dünýäniň beýleki böleklerindäki howp-hatarlara garşy göreş üçin zerur bolan maliýe serişdelerini elýeterli etjekdigini aýtdy.

Obama şu günki gündäki esasy terror howpunyň merkezleşmedik, ýagny giň ýaýrawdaky «Al-Kaýda» bölümlerinden we ekstremistlerinden abanýandygyny belledi.

Ol täze fonduň Ýemendäki howpsuzlyk güýçlerine tälim bermek, Somalidäki köpmilletli parahatçylyk goraýjy kontingente kömek bermek, NATO ýaranlary bilen Liwiýadaky howpsuzlyk güýçlerine tälim bermekde hyzmatdaşlyk etmek, şeýle-de Fransiýanyň Malidäki tagallalaryna ýardam bermek üçin ulanyljakdygyny aýtdy.

Daşary saýasat tankytçylaryna jogap

Obamanyň bu sözlän sözünde soňky birnäçe günde Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatynyň gowşakdygyny aýdyp çykyş eden tankytçylary köşeşdirmek tagallasy edilýär.

«Adam Hukuklary Ilkinji» (Human Rights First) guramasynyň uly ylmy işgäri Hizer Hörlbört (Heather Hurlburt) şeýle diýdi:

«Bu adminstrasiýa biz öz daşary syýasatymyzy on ýyl gowrak esasan harby esaslarda alyp baranymyzdan soň, gan akymyny, konsepsiýalar tapgyryny milli çekişmä öwürmäge synanýar. Ol gürrüňdeşlik şertlerini üýtgetmäge synanyp, diňe bir adamyň sesiniň eşidilýän tribunasyny ulanýar."

Asyr fondunyň (Century Foundation) ylmy işgäri Mikaýel Kohen (Michaýel Cohen) Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna şeýle diýdi:

«Obama özüni iki sany öte geçmäniň arasyndaky altyn ortalykda goýmak isleýär – bu onuň syýasy boýagy. Emma men ol esasan biraz dünýäden üzňeleşen syýasaty aklamak isleýändir diýip hem pikir edýärin.»

Obama Birleşen Ştatlar harby güýji «diňe zerur bolanda, haçanda biziň düýp bähbitlerimiz talap edenden ulanarys» diýdi.

Emma Obama harby güýç ulanmagyň paýhasly bolmalydygyny nygtady.

"Bizde iň gowy çekijiň bolmagy her bir problemanyň çüýlenmelidigini aňlatmaýar" diýip, Obama aýtdy.

Muňa derek, Obama Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygy astynda halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny belledi.

Ol bu hili ýolbaşçylygyň Eýrany öz ýadro meseleleri boýunça gepleşiklere getirmäge ýardam edendigini aýtdy.

Dünýä onýyllykda birinji gezek Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almakda "örän hakyky böwsüş ylalaşygyny gazanmak mümkinçiligine" eýe boldy diýip, Obama aýtdy.

Şeýle-de Obama dünýä Amerikanyň ýolbaşçylygynda "Orsýetiň Ukrainadaky hereketlerini ýazgarmakda" birleşip bildi diýdi.

Obama Siriýadaky üç ýyllyk raýat urşuny nazarda tutup, oppozisiýa berilýän ýardamy ýygjamlatmagy wada berdi, emma hiç bir jikme-jikligi açmady.

Şeýle-de Obama özüniň Amerikanyň Kubadaky tussag merkezini ýapmak baradaky tagallalaryny dowam etmegi wada berdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti hökümetiň Amerikada we dünýäde imellerden, telefon gürrüňlerinden, internet ulanmakdan maglumat toplaýan gizlin hökümet programmasy barada hem durup geçdi.

"Biz Amerikanyň maglumatlary toplamak we ulanmak usulyna täze çäklendirmeler girizýäris, sebäbi biziň ýönekeý raýatlary hem gözegçilikde saklaýandygymyz baradaky düşünje saklanyp galsa, onda biziň hyzmatdaşlarymyz we netijeliligimiz azalar» diýip, Obama aýtdy.

Amerikan prezidenti indiki hepde Ýewropa sapara ugraýar. Ol bu saparyň dowamynda Warşawada Amerikanyň Ýewropa üýtgewsiz ygrarlylygy barada çykyş eder, Brýusselde Senagat taýdan ösen 7 ýurduň liderleri bilen duşuşar, Normandiýada ýaran goşunlaryň ýerleşdirilmeginiň 70 ýyllyk dabarasyna gatnaşar.
XS
SM
MD
LG