Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Ene hakynda rowaýat

Öz eziz topragyn ýagydan gorap,
Giripdir söweşe agyr bir leşger.
Şonda yza öwrüp atyn jylawyn,
Taşlan jeň meýdanyn bir ejiz esger.

Soňun saýman girmelikä söweşe,
Ol jeňden çykypdyr soňuny saýman.
Entek näbellikä ýeňşiň ykbaly,
Atyň sagrysyna gamçysyn saýgan.

Aýsyz gijäň gara şalyn penalap,
Gizläp ýyldyzlardan ýazykly başyn,
Oýlapdyr: "Kim bilýä, ok deger birden…
Onsoňam, mensizem ýeňer-le goşun."

Hawa, goşun ýeňilmedi onsuzam,
Hawa, üstün çykdy bu ganly jeňde.
...Bigaýrat undupdy başga bir zady:
Öňde ýowuz jeza, adalat öňde.

Möhür edip basypdyrlar ýüzüne
Gargyşyn, näletin birehim közüň.
Indem gorkup gazabyndan iliniň
Baryp… bir metjide atypdyr özün.

Ilçilikde şeýle bir däp bar eken:
"Gan dökmek gadagan mukaddes ýerde".
Binamys, gör, nirden gözläpdir pena,
Şol mukaddes däbi tutunyp perde!

Ýeke perzendine nälet okapdyr
Saçyndan ak giren ýalňyz enesi:
"Söweşmedik bolsa il ömri üçin,
Goý, bolmasyn öz ömrüniň eýesi!.."

Adamlaň ýüregi doly ýigrençden,
Adamlaň bogazy gazapdan doly.
"Gan dökmek gadagan mukaddes ýerde" –
Diýmek, gözlemeli başga bir ýoly.

…Märeke jem bolýa, gelýä karara:
"Metjitde akmasyn oň haram gany.
Jany çykman özi çykmazy ýaly,
Petikläp çykmaly bar çykalgany.

Diýmek, gapy diýmän, penjire diýmän,
Kerpiç örüp, beklemeli bar ýeri…"
Märeke ýaýdanýa, märeke dymýa:
Ilkinji kerpiji kim goýsun, ýeri?

Birden öňe çykýa biçäre ene,
Ejiz eginlerne ak saçyn ýaýyp.
Gazap bilen syrýa gözüniň ýaşyn,
Ilkinji kerpiji… öz borjy saýyp!

…Owaz çykýa bir ýerinden gümmeziň:
"Geçsene günämi, geçsene, eje!.."
Ýöne, ýalňyz enäň ynjan ýüregi
Dönüpdi bireýýäm doňan kerpije.

Ene ýürek kerpiç ýaly gatapdy,
Ene ýürek kerpiç ýaly sowapdy.
Bu doňan ýürege ýene jan bermek --
Il-gün üçin barypýatan sogapdy…

Biçäre naçaryň ynjan ýüregi
Bireýýäm dönüpdi doňan kerpije…
Şol gümmezden şindem ses gelip durmuş:
"Geçsene günämi, geçsene, eje!.."

1973 ý., Büzmeýin

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG