Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Balkana sapar edýär


Türkmenbaşy, Hazaryň kenarynda
Türkmenbaşy, Hazaryň kenarynda
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji maýda Balkan welaýatyna iş saparyna baryp, aeroportda resmileriň hasabatlaryny diňledi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Berdimuhamedowyň Türkmenbaşy şäherindäki halkara aeroportda hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirendigini habar berýär.

Prezident ýurduň ýangyç-energetika toplumyna jogap berýän resmisi B.Hojamuhammedowyň hasabatyny diňläp, bu pudagyň eksport mümkinçiligini ösdürmek bilen bagly meseleleriň ählisini, hususan-da iş şertleriniň gowulandyrylmagyny «üns merkezinde saklamagy» tabşyrypdyr.

Çynlakaý nägilelik

Şeýle-de prezident ýurduň dokma senagatynyň işinden çynlakaý nägilelik bildiripdir. Ol bu pudaga yzygiderli döwlet goldawynyň berilýändigine garamazdan, dünýä bazarynda has giň isleg bildirilýän dokma önümlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere amal etmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýdypdyr.

Mundanam başga prezident uly ýollary gurmak we olaryň ulanyş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça edilýän işleriň tizliginden we hilinden nägiledigini aýtdy diýip, TDH ýazýar.

Prezident Balkan welaýatynda senagat infrastrukturasyny, sosial pudagy we oba hojalygyny talabalaýyk ösdürmekde edilýän işlerde guramaçylygyň pesliginden hem nägilelik bildiripdir.

Araçäkdäki howpsuzlyk aladalary

Prezident G.Berdimuhamedowyň bu sapary Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky Temirbaba serhet geçelgesindäki ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň Türkmenistan tarapyndan wagtlaýyn togtadylýandygy baradaky habaryň çap edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Gazak metbugaty 27-nji maýda Mangistau oblastynyň gümrük gözegçiligi bölüminiň metbugat gullugyna salgylanyp, goňşy döwletiň ýolbaşçysynyň Türkmenistan respublikasynyň serhet etraplaryna sapar edýänligi sebäpli araçäkdäki howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berdi.

Gazagystynyň Temirbaba serhet geçelgesinden Azatlyk radiosyna telefonda aýtmaklaryna görä, iki ýurduň arasyndaky ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň Türkmenistan tarapyndan wagtlaýyn togtadylmagy ýygy-ýygydan bolup durýar.
XS
SM
MD
LG