Sepleriň elýeterliligi

Ülkäni öwreniş Berdimuhamedowdan başlanýar


Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

Türkmenabat şäheriniň merkezinde, demirýol wokzalynyň takmynan 200 metr golaýynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bu welaýatyň beýleki ymaratlaryndan has tapawutlanýar. Daşy ak mermer bilen örtülen, özboluşly nagyşlar bilen bezelen, sekiz sütünli bu muzeý mundan üç ýyl ozal açylyp, ulanyşa berlipdi.

8 müň 100 m2 meýdany tutýan bu üç gatly muzeý sergi zallarynyň 5-sinden, mejlis geçirmek üçin niýetlenen ýörite jaýdan we iş otaglaryndan ybarat bolup, bu ýerde “täsin galdyrýan gymmatlyklary aýawly saklamak, görkezmek hem-de ylmy-barlaglary geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigi” aýratyn bellenýär.

Emma binagärlik we çeperçilik taýdan owadan edilip gurlan bu uly muzeý aglaba wagt adamsyz, boş durýar. Uly pawilionly zallaryň witrinalarynda-da “täsin galdyrýan gymmatlyklar” diýilýän taryhy eksponatlara gözüň hem düşmeýär. Ýöne sebitiň tebigatyny hem medeniýetini görkezmek üçin niýetlenen bu muzeý prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we ýurduň häzirki syýasatyna bagyşlanan her dürli eserlere diýseň baý.

Muzeýiň birinji gatynda Arheologiýa we etnografiýa boýunça bölümler ýerleşip, onda Lebap welaýatynyň çäginde gazuw-agtaryş işleriň netijesinde tapylan taryhy eksponatlar goýlupdyr. Olaryň arasynda biziň eramyzyň 5-nji asyryna degişli onlarça iş gurallary we gadymy küýzeler hem bar.

Muzeýiň eksponaty

Muzeýiň eksponaty

Emma bu ýerde köpçülige görkezilen taryhy eskponatlaryň sany kän däl we olar, esasan, şol bir görnüşdäki tapyndylardan ybarat. Şol bir wagtda-da muzeýde häzirki döwürde tikilen milli lybaslar, türkmen öýleriniň maketleri ýaly taryhy ähmiýeti bolmadyk eskponatlar hem ýerleşdirilipdir.

Emma welin muzeýiň birinji gatyndaky “Galkynyş” bölüminde eksponatlaryň azlyk edýändigini aýdyp boljak gümany ýok. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara iş saparlarynyň ählisi baradaky habarlaryň we maglumatlaryň toplumy goýlupdyr. Türkmenistanyň prezidentiniň daşary ýurt ýolbaşçylary bilen düşen suratlarynyň ençemesini muzeýiň “Galkynyş” bölüminde görse bolýar. Mundan başga-da bu bölümde prezidentiň "döreden" ähli kitaplary-da bar.

Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ikinji gatynda tebigata we şekillendiriş sungatyna degişli bölüm ýerleşýär. Bu bölümde, esasan, Türkmenistanyň çäginde gadymyýetde ýaşan we häzirem ýaşaýan haýwanlaryň şekilleri, ösýän ösümlikler ýerleşdirilipdir. G.Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk otlary” atly kitabynda agzalýan dermanlyk ösümlikleriň-de muzeýiň eksponatlarynyň arasynda agdyklyk edýändigini aýtsa bolar.

Şeýle-de muzeýde tematiki filimleri görkezmek üçin monitorlar hem oturdylypdyr. Ol monitorlarda köplenç şol bir wideo görnüşler yzly-yzyna gaýtalanyp görkezilýär. Mysal üçin, muzeýiň "Galkynyş" bölüminde Türkmenistanyň prezidentiniň bu muzeýiň düýbüni tutuş we açylyş dabarasyna gatnaşýan pursatlary gaýta-gaýta görkezilýär.

Muzeýiň eksponaty

Muzeýiň eksponaty

Şekillendiriş sungaty zalynda bolsa Türkmenistanyň hudožnikleriniň çeken suratlary we ýasan skulpturalary bar. Emma ol suratdyr heýkelleriň aglabasy soňky onýyllygyň içinde döredilen eserler. Olaryň arasynda taryhy eserler göze ilmeýär. Ol eserlerde köplenç türkmen maşgalasy we biziň klassyk şahyrlarymyz şekillendirilýär, galyberse-de Türkmenistanyň häzirki prezidenti bilen bagly suratlaryň ençemesi bar.

Efirde adynyň tutulmagyny islemedik bu muzeýiň işgärleriniň biriniň aýtmagyna görä, aglaba hepdäniň soňlaryna mugallymlaryň gözegçiligindäki mekdep okuwçylarynyň ekskursiýalary bolaýmasa, başga günler bu muzeýe öz islegi bilen gelýän adam ýok diýerlik, gelse-de bu san has az.

Lebap welaýatynyň türk kompaniýasy tarapyndan 17,5 million dollara gurlan bu taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 2011-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda uly dabara bilen açylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG