Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keldibekowyň tarapdarlary ýöriş geçirdi


Gyrgyzystanyň parlamentiniň öňki başlygy Akmatbek Keldibekowyň ýüzlerçe tarapdary ýurduň Oş welaýatyndaky esasy ýoly böwetläp, onuň deslapky tussaghanadan boşadylmagyny talap edýärler.

Kedibekowyň 300 çemesi tarapdary 28-nji maýda Oş-Erkeçtam ýolunyň ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlaryna mahsus bolan dört sany gara öýi gurdular we ulaglaryň gatnawyny böwetlediler.

Ýerli resmiler çärelerini best etmekleri üçin protestçileri ynandyrmakda şowsuz boldular.
Oş-Erkeçtam garaýolunyň iki tarapynda hem ýüzlerçe ulag ýoly geçip bilmän yzyna dolanmaly boldy.

Keldibekow noýabr aýynda tussag edileni bäri, onuň tarapdarlary Oş we Bişkek şäherlerinde birnäçe ýörişi geçirdiler.

Keldibekow ýurduň Salgyt gullugynda we Döwlet sosial fondunda işlän döwri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we maliýe galplyklarynda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG