Sepleriň elýeterliligi

​Rus, gazak, belarus liderleri şertnama gol goýdular


Astanada Russiýanyň, Gazagystanyň we Belarusyň liderleri Moskwanyň liderligindäki “Ýewraziýa Ykdysady Birleşigiň” döredilmegi barada şertnama gol goýdular.

Rus prezidenti Wladimir Putin, gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew we belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka tarapyndan gol goýlan bu şertnama laýyklykda, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap sebitde bütewi gümrük tarifleri giriziler.

Tankytçylaryň sözlerine görä, Moskwa söwda birleşigini döretmek bilen Sowet Soýuzyny gaýtadan döretmäge synanyşýar. Emma Putin bu aýyplamalary ret edýär.

Gazagystanyň paýtagty Astanada Putiniň, Nazarbaýewyň we Lukaşenkanyň duşuşygyna Ermenistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri hem gatnaşdylar. Mundan öň ermeni we gyrgyz liderleri hem täze dörediljek bu birleşige goşulmak barada gyzyklanmalarynyň barydygyny beýan edipdiler.

Şeýle-de, Gazagystanyň ilkinji atom energiýa stansiýasynyň gurluşygy barada memoranduma gol goýmak üçin Putin bilen Nazarbaýewiň aýrylykda duşuşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG