Sepleriň elýeterliligi

​Ukrainada adam ýitgileri boldy


Ukrainanyň Milli gwardiýasy täze adam ýitgilerinden ejir çekýändigini, emma şol bir wagtyň özünde birnäçe söweşijiniň öldürilendigini habar berýär. Ukrain gwardiýasynda adam ýitgilerine we söweşijileriň öldürilmegine sebäp bolan bu waka Russiýa tarapdary separatistleriň esgerleriň bolýan ýerine hüjüm eden pursady bolup geçdi.

Bu waka Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Petro Poroşenko II jahan urşunyň tamamlanmagy bilen bagly öňümizdäki hepde Fransiýada geçiriljek dabaralaryň çäginde ýurtdaky krizis barada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmäge wada bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu aralykda, 28-nji maýda Russiýanyň we Ukrainanyň diplomatlary Ukrainanyň gündogaryndaky ýowuzlyklary tankyt etdiler.

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkin Ukrainada “harby bulaşyklygyň” bes edilmegi üçin bileleşigiň Howpsuzlyk Geňeşi Kiýewe çagyryş etmeli diýdi.

Ukrainanyň BMG-daky ilçisi Ýuriý Sergeýew bolsa, Bileleşigiň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýadan Ukrainanyň territoriýasyndaky ýaragly toparlaryny we esgerlerini çykarmagy talap etmeli diýdi.
XS
SM
MD
LG