Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Snowden ABŞ-a dolanmak isleýär


Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň öňki işgäri Edward Snowden ABŞ-a dolanmak isleýändigini, ýöne zerur bolsa Russiýada uzak möhletleýin galjakdygyny aýtdy. Ol bu barada 28-nji maýda Birleşen Ştatlaryň telewideniýesinde ýaýlyma goýberilen interwýusynda belledi.

Snowden ABŞ-nyň global gözegçilik programmalary baradaky gizlin maglumatlary žurnalistlere syzdyrandygy üçin, Birleşen Ştatlarda içalyçylyk aýyplamalary bilen gözlenýär.

Moskwanyň myhmanhanasynda beren interwýuda Snowden özüniň “watançy” bolany sebäpli gizlin maglumatlary köpçülige syzdyrandygyny aýtdy. Ol özüne gaçybatalga beren rus hökümeti bilen işleşýändigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

Mundan öň, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) 28-nji maýda eden çykyşynda gizlin maglumatlary syzdyrmak bilen Snowdeniň ABŞ-nyň howpsuzlygyna çynlakaý zyýan ýetirendigini we “ýurduna dönüklik edendigini” aýdypdy.
XS
SM
MD
LG