Sepleriň elýeterliligi

​NATO-nyň bir esgeri öldürildi


Owganystanyň günortasyndaky dikuçar heläkçiliginde NATO-nyň liderligindäki Halkara howpsuzlyk güýçleriniň bir agzasy öldi we başga-da 15 esger ýaralandy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, waka dikuçaryň aragatnaşyk antennalaryna tötänleýin çaknyşmagy netijesinde bolupdyr.

Bu aralykda, aýry-aýrylykda ýoluň gyrasyna düşelen bombalaryň partlamagy netijesinde tutuş ýurduň çäginde azyndan üç adam öldi.

Owganystanyň demirgazygyndaky Jowuzjan welaýatynda bolsa ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde ýerli aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy we janpenasy öldürildi.
XS
SM
MD
LG