Sepleriň elýeterliligi

R.​Meredow Kabula sapar etdi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystana duýdansyz sapar etdi. Meredowyň bu sapary türkmen-owgan serhedinde üç türkmen serhetçisiniň öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistan boýunça missiýasynyň 28-nji maýda beren maglumatyna görä, Raşid Meredow Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşypdyr.

Guramanyň ýaýradan beýanatyna görä, Meredow we owgan resmileri energetika, transport meseleleri we ynsanperwerlik ugurlar, şol sanda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki hereketleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahat edipdirler.

Şu hepdäniň başynda owgan resmileri Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk Farýab welaýatyndaky söweşijiler tarapyndan üç türkmen serhetçisiniň öldürilendigini habar beripdiler.
XS
SM
MD
LG