Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi döredildi


Orsýetiň, Gazagystanyň we Belarusyň prezidentleri W.Putin (s), N.Nazarbaýew (o) we A.Lukaşenka, 29-njy maý, Astana, 2014
Orsýetiň, Gazagystanyň we Belarusyň prezidentleri W.Putin (s), N.Nazarbaýew (o) we A.Lukaşenka, 29-njy maý, Astana, 2014
Astanada Orsýetiň, Gazagystanyň we Belarusyň prezidentleri Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi döremek barada ylalaşyga gol çekdiler.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko tarapyndan gol çekilen ylalaşyk resmi taýdan 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap umumy tarifli gümrük giňişligini döredýär.

Nazarbaýew gol çekişlik dabarasynyň yz ýany eden çykyşynda bu Bileleşik Sowet Soýuzyny dikeltmekden başga zat däl diýilýäniň hakykata gabat gelmeýändigini belläp, täze guramanyň gös-göni ykdysadyýete baglydygyny we onuň dünýäniň ykdysady ösüşinde esasy rol oýnajagyny aýtdy.

Prezidentler ylalaşyk barada

Nazarbaýew ylalaşygyň barlyşyga esaslanýandygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, ylalaşyk deňagramly, oýlanyşykly we ähli agzalaryň bähbitlerine laýyk boldy” diýip, Nazarbaýew öz pikirini beýan etdi. Ol täze guramanyň ýurtlaryň ykdysadyýelerini täzelemek we olary dünýä liderlerine öwürmek üçin uly itergi berjegine umyt baglaýar.

Öz gezeginde Putin esasy global ykdysadyýetlerde çynlakaý gyzyklanma döredip biljek Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi guramasynyň döredilýändigini nygtady. Ol: “Şu gün biz bilelikde ykdysady ösüşiň kuwwatly we özüne çekiji merkezini, 170 milliondan gowrak adamy birleşdirýän iri regional bazary döredýäris” diýdi.

Putin Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň özara hyzmatdaşlygy “täze derejä göterýändigini”, şol bir wagtda-da agza ýurtlaryň garaşsyzlygyna hormat goýýandygyny belledi.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko dokumente gol çekmezden öň
ylalaşyk bilen bagly doly razy bolmadyk meseleleriniň hem bardygyny, emma özara barlyşyk üçin mümkinçiligiň galýandygyny belledi. Ol: “Nägilelikleriň ýokdugyny aýdyp biljek däl. Bizde öz ylalaşyklarymyzy has kämilleşdirmäge we ylalaşygyň ähli agzalarynyň bähbitlerine laýyk getirmäge mümkinçiligimiz bar” diýip, bu barada umumy tertipde mälim etdi.

Lukaşenko ylalaşyga tarap ýoluň uzak we agyr bolandygyny we Ukraina ýaly käbir ýurtlar Bileleşigiň işçi toparyny terk etse-de, Ermenistan, Gyrgyzystan ýaly käbir başga ýurtlaryň Bileleşige goşulyşmaga isleg bildirendigini belledi.

Lukaşenko Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigiň ýuwaş-ýüwaşdan syýasy, harby we ynsanperwer hyzmatdaşlyk guramasyna öwrüljegini hem aýtdy.

Potensial agzalar

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisian we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 29-njy maýda Astanada bolan duşuşyga gatnaşdylar we öz ýurtlarynyň bu guramadaky geljekki agzalygyny maslahat etdiler.

Sarkisian öz ýurdunyň görülýän taýýarlyklary jemlänsoň, indiki aýda gurama goşulmaga taýýardygyny mälim etdi. Atambaýew Gyrgyzystanyň Ýewraziýa Ykdysady Bilelişiginiň düýbüni tutan Gümrük bileleşigine şu ýylyň aýagyna çenli goşuljakdygyny aýtdy.

Lukashenko täze döredilen gurama iru-giç Ukrainanyň hem goşuljagyna özüniň ynanýandygyny äşgär etdi.

Orsýet Ukrainany Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa baradaky ylalaşyga gol çekmegiň ýerine Gümrük bileleşigine goşulmaga gyzyklandyrmaga synanyşypdy. Emma Ukrainanyň orsýetparaz prezidenti Wiktor Ýanukowiç ÝB bilen ylalaşykdan ýüz öwrensoň, ýurtda dörän protestleriň netijesinde fewral aýynda öz wezipesini terk edip, Ukrainadan gaçyp gitmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG