Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukraina: Reportýoryň el kitapçasy


Žurnalist Aleksandra Wagner
Žurnalist Aleksandra Wagner
AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň habarçysy Aleksandra Wagner 27-nji maýda gündogar Ukrainadaky Lugansk we Donetsk şäherlerine dört günlük iş sapary bilen baryp gaýtdy. Ol regionda žurnalist bolup işlemegiň aýratynlyklary bilen bagly özünde galan täsirler barada gürrüň berýär.

Men geçen hepdede gündogar Ukrainadaky konfliktleriň gidýän zonasyna sapar edenimde mende iň uly täsir galdyran zatlaryň biri baran badyma ýüze çykdy.

Awtomat bilen ýaraglanan adamlar stansiýanyň ähli ýerlerine gözegçilik edýärdi. Men öňünden okan maglumatlarymdan çen tutup, ýaragly adamlaryň diňe okkupirlenen binalaryň golaýynda we şäheriň daşyndaky barlag-geçiş nokatlarynda durandygyny çak edipdim. Emma olaryň demirýol stansiýasy ýaly köp adamly ýerde durmaklary meni gaty geň galdyrdy.

Öz-özüni “halk respublikalary” diýip jar eden Lugansk we Donetsk ýaly şäherlerde žurnalist bolup işlemek çylşyrymly we howply. Surat ýa wideo aljak bolsaň, sende özbaşdaklygyny jar eden ýerli häkimiýetlerden rugsatnama bolmaly. Emma sen şeýle dokumenti sorap ýüz tutsaň, olar seniň metbugatda çap edilen ozalky maglumatlaryňy, hatda sosial mediadaky maglumatlaryňy hem barlap bilýärler.

Žurnalistlere garaýyş

Olar Kiýewiň hökümetine öz duşmany hökmünde garaýarlar we gündogardaky söweşijiler barada islendik negatiw maglumat ýazan žurnalisti özlerine garşy diýip hasap edýärler.

Оlar aslyýetinde Ukrainanyň günbataryndan ýa-da merkezi böleginden bolan žurnalistlere örän şübheli garaýarlar, şol bir wagtda-da Orsýetden baran žurnalistleri has gowy garşy alýarlar.

Eger žurnalistiň ozalky makalalary söweşijileriň göwnünden turmasa, onda olar žurnalistiň işlemegine diňe bir rugsat etmezlik däl, üstesine, telefonyny, kamerasyny we beýleki ýazgy gurallaryny hem elinden alýarlar. Käbir žurnalistleri birnäçe günläp, käte hatda hepdeläbem tussag edip bilýärler.

Täze ýarag

Luganskda separatist söweşijileriň topary meni Ukrainanyň milli howpsuzlyk gullugynyň okkupirlenen edarasyna alyp bardylar we barlagdan geçirdiler.

Gapyda eli ýaragly duran iki adamyň awtomatlary entek hatda ýagy-da süpürilmedik täze ýaraglardy. Bu adamlar ýaragyň mümkinçiliklerini doly bilýäne meňzänokdylar. Olar bir-birine ýaragyň ol ýa beýleki detallaryna degişli dürli soraglary berýärdiler.

Bu ýagdaý, meniň pikirimçe, ýaraglaryň ýerli polisiýadan ýa-da howpsuzlyk güýçlerinden basylyp alnan ýaraglar däldigini aýdyň görkezýärdi.

Men Lugansk we Donetst şäherlerinde bolan wagtymda diňe bir söweşijiler bilen däl, hatda ýerli ýaşaýjylar bilen gepleşenimde-de ýagdaý barada dürli pikirleri we özbaşdaklygyny jar eden respublikanyň kanunçylygy barada dürli pikirleri eşidipdim.

Separatistler kimler?

Birnäçe ýerli ýaşaýjylar separatistik hereketiň baştutanlarynyň hakykatda kimdiginden ýa-da olaryň nädip lider bolandygyndan özleriniň asla bihabardygyny aýtdylar.

Biz 25-nji maýda prezidentlik saýlawlarynyň geçirilişi barada maglumat toplamak üçin Donetsk welaýatynyň käbir böleklerine sapar edip, Donetsk şäherine gaýdyp barýarkak, biziň ulaglarymyzyň birini barlag-geçiş nokadynda sakladylar.

Eli ýaragly näbelli adamlaryň gözegçiliginiň astynda bolmak örän gorkuly ýagdaý eken. Siz olaryň buýruklaryndan boýun gaçyryp bilmeýärsiňiz. Siz olaryň kimdigini we pasportyňyzy barlamaga nähili hukugynyň bardygyny hem sorap bilmeýärsiňiz.

Şeýle ýagdaýda siz ýeke-täk bir zady arzuw edip bilýärsiňiz, ýagny olaryň niýetiniň erbet bolman, sizi bu ýerden geçirmekleri barada arzuw edip bilýärsiňiz. Emma bu ýerde hak-hukuk diýen zat asla ýok we siz muňa doly göz ýetirýärsiňiz.
XS
SM
MD
LG