Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Kerri "howply alamatlar" göze ilýär diýdi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Ukrainanyň serhedine ýerleşdirilen rus goşunynyň yzyna Moskwa tarap hereket edýändigini aýtdy. Ýöne ol türgenleşdirilen ruslaryň gündogar Ukraina aralaşýandygyny görkezýän delilleri belläp, territoriýada heniz hem “howply alamatlaryň” göze ilýändigini nygtady.

Kerri 29-njy maýda “PBS” telekanalynda eden çykyşynda deliller “Russiýada türgenleşdirilen çeçenistanly türgenleriň” Ukrainadaky “meseleleri bulaşdyrmak we söweşlere gatnaşmak üçin” Ukraina gizlin syzandygyny görkezýär diýdi.

29-njy maýda Ukrainanyň dikuçary howadan aşak gaçyrylandan soň, Ak tam “daşardan gelen” häzirki zaman ýaraglaryň separatistler tarapyndan ulanylýandygyny aýdyp, aladalaryny beýan etdi. Gürrüňi edilýän dikuçar heläkçiliginde 14 esger, şol sanda armiýanyň generaly heläk bolupdy.

Kerriniň bu çykyşy Ukrainanyň häzir iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow Kiýewde parlamente ýüzlenip, gürrüňi gidýän dikuçaryň “Russiýanyň ykjam zenit raketasy” tarapyndan aşak gaçyrylandygyny aýtmagynyň yz ýany boldy. Şu hepdäniň başynda separatistler tarapyndan Slowýanks şäheriniň golaýynda tussag edilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary heniz hem tussaglykda saklanylýar.
XS
SM
MD
LG