Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ispaniýa: Alty adam tussag edildi


Ispaniýanyň polisiýasy söweşijileri hakyna tutmakda we olary Liwiýadaky we Malidäki “terrorist guramalara” ugratmakda güman edilýän alty yslamçy söweşijini tussag etdi.
Ispaniýanyň Içeri işler ministrligi şübheli söweşijileriň 30-njy maýda amala aşyrylan reýdde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilendigini habar berýärler.

Ministrligiň berýän maglumatyna görä, tussag edilenleriň arasynda Malidäki “Al-Kaýda” bilen ilteşikli toparda türgenleşik lagerlerine gatnaşandan soň, yzyna Ispaniýa dolanan ispaniýaly söweşiji hem bar.

Ispaniýanyň hökümeti yslamçy söweşijileriň “Al-Kaýda” ilteşikli toparlaryň täsirindäki konfliktli territoriýalardan we Siriýadan yzyna Ispaniýa dolanmagynyň we ýurduň howpsuzlygyna wehim salmagynyň mümkindigi barada aladalaryny beýan etdi.

Ispaniýanyň polisiýasy 2004-nji ýylda Madridiň çetindäki otla amala aşyrylan terrorçylykly hüjümden bäri ýurtda söweşiji diýlip güman edilýän 470-den gowrak adamyň tussag edilendigini habar berýär. Şol hüjümde 191 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG