Sepleriň elýeterliligi

​Täjik işewürine garşy täze aýyplamalar ýöňkelýär


Tussaglykdaky täjik işewüri Zaýd Saidow pullary bikanun öz hasabyna geçirmek barada täze aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Saidowyň aklawçysy Şuhrat Kudratow 30-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda mundan birnäçe ýyl öň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede gurulmagy planlaşdyrylan söwda merkezi üçin döwlet tarapyndan berlen degerli möçberdäki puly Saidowyň ogurlandygy aýdylyp, sülçüler tarapyndan müşderisiniň garşysyna täze sud işiniň başladylandygy barada habar berlendigini aýtdy.

Saidow maliýe galplyklarynda, köp nikalylykda we kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen jynsy gatnaşykda bolmakda günäli tapylyp, geçen ýylyň dekabr aýynda 26 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Döwletde hasaba alynmadyk “Täze Täjigistan” atly oppozision partiýanyň lideri Saidow aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdyp, olary ret edipdi.

Saidow 2013-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda, öz partiýasynyň syýasy programmasyny köpçülige hödürlän mahaly Täjigistanyň hökümetini ýiti tankyt edipdi.
XS
SM
MD
LG