Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: Dört adam tussag edildi


Pakistanyň polisiýasy göwreli zenanyň öz maşgalasy tarapyndan daşlanyp öldürilmegi bilen ilteşikli dört adamy tussag edendigini habar berýär.

29-njy maýda pida bolan zenanyň daýysy we iki sany doganoglanysy, şeýle-de ýene bir adam tussag edildi.

25 ýaşyndaky Farzana Parwin 26-njy maýda Lahor şäherindäki sud binasynyň daşynda öz maşgala agzalary, şol sanda kakasy we erkek doganlary tarapyndan öldürildi.

Parwiniň kakasy wakanyň bolan ýerinde dessine tussag edilipdi. Polisiýa öldürilen gyzyň erkek doganlaryny we öňki adaglysyny tussag etmek üçin reýdleriň geçirilýändigini aýtdy.

Parwiniň maşgalasy özleriniň närazylygyna garamazdan, gyzlarynyň Muhammad Ikbal bilen nikalaşany üçin özlerini abraýdan gaçyrandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG