Sepleriň elýeterliligi

​Aktiwistler: Siriýada 2 müň adam öldi


Siriýanyň barlag topary Siriýanyň hökümetiniň ýurduň demirgazygyndaky Aleppo şäheriniň jeňçiler tarapyndan dolandyrylýan böleklerine amala aşyran bombaly hüjümleri we howa reýdleri netijesinde şu ýylyň başyndan bäri 2 müňe golaý adamyň ölendigini habar berýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary boýunça synçy topary pida bolanlaryň arasynda 283 zenanyň we ýaşy 18-iň aşagynda bolan 576 adamyň bardygyny belleýär.

Şeýle-de, topar hasaba alnan pidalaryň 1-nji ýanwar bilen 29-njy maý aralygynda Alepponyň söweşijiler tarapyndan dolandyrylýan etraplarynda we onuň töwereginde öldürilendigini aýdýar.

Siriýada 2011-nji ýylda başlanan konfliktde şu wagta çenli 160 müňden gowrak adamyň öldürilendigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG