Sepleriň elýeterliligi

​Ukraina: Hüjümler dowam eder


Ukrainanyň hökümeti ýurtda parahatçylygy we tertip-düzgüni dikeltmek üçin öz hüjümlerini ýaýbaňlandyrjakdygyny aýtdy. Bu barada ýurduň separatist gündogaryndaky Russiýa tarapdary ýaragly adamlar tarapyndan halkara synçylaryň ikinji topary alnyp gaçylan mahaly mälim edildi.

Ukrainanyň häzir iş başyndaky goranmak ministri Mihaýlo Kowal ukrain güýçleri ýurduň gündogaryndaky käbir territoriýalardan Russiýa tarapdary söweşijileri “doly arassaladylar” diýdi. Kowal “gürrüňi edilýän regionlardaky ýaşaýyş şertleri adaty ýagdaýa öwrülýänçä we parahatçylyk ornaşdyrylýança” operasiýalaryň dowam etjekdigini belledi.

Bu aralykda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 30-njy maýda beren maglumatyna görä, dört halkara synçydan we bir ukrainaly kömekçiden ybarat topar Ukrainanyň Lugansk şäherinden 100 kilometr demirgazykda ýerleşýän Sewerodentskdäki ýaragly adamlar tarapyndan saklanylypdyr.
XS
SM
MD
LG