Sepleriň elýeterliligi

Ilkinji, emma ulanylmaýan köşk


Aşgabat, Türkmenbaşy köşgi

Aşgabat, Türkmenbaşy köşgi

Aşgabatda Türkmenistan garaşsyz ýurt bolanyndan soň gurlan uly köşkleriň ilkinjisi «Türkmenbaşy köşgi» boldy. Emma bu köşgüň häzir ulanylman, boş durandygy aýdylýar.

Wikipediýanyň, erkin internet ensiklopediýasynyň türkmen köşkleri barada maglumat berýän sahypasynda şol wagtky prezident S.Nyýazowyň döwlet baştutany üçin gurduran köşgüniň bahasynyň 70-80 million amerikan dollaryna barabardygy aýdylýar.

Emma şol wagt Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy bolup işlän Hudaýberdi Orazow Şwesiýadan telefon arkaly beren gürrüňinde bu köşgüň bahasynyň has çişirilendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň «Türkmenbaşy köşgi» baradaky söhbetini diňläp, pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG