Sepleriň elýeterliligi

Owganlar geljegine aladaly garaýarlar


ABŞ-nyň harbylary, Kabul, 2014.

ABŞ-nyň harbylary, Kabul, 2014.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ABŞ-nyň ýurtdan öz goşunlaryny çykarmak boýunça jemleýji planlaryny makullap çykyş edýärkä, synçylar daşary ýurt goşunlary bolmadyk ýagdaýynda ýurduň geljegine hökümetde we jemgýyetde howatyrlanmalaryň barha artýandygyny aýdýarlar.

Owgan hökümeti ABŞ-nyň goşun çykarmak işini wagtyndan öň jemlemegini makullap biler. Emma sahnanyň aňrysynda köp owganlar ýurduň esasy ýarany we ýardam berijisi bolan Waşington tarapyndan terk edilmegini islemeýärler.

Kabul NATO-nyň harby missiýasy şu ýyl tamamlanandan soňam, ýene-de on ýyla golaý wagtlap daşary ýurtlularyň ýurtda galjakdygyny çak edýär. Bu barada Owganystanyň we ABŞ-nyň arasynda Howpsuzlyk baradaky ikitaraplaýyn ylalaşykda aýdylýar. Owganystan bu ylalaşyga entek gol çekenok. Waşingtona bolsa bu ylalaşyk öz goşunlaryny 2014-nji ýyldan soň hem ýurtda galdyrmak üçin gerek.

Howatyrlanmalar

Emma ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýylyň aýagyndan soň Owganystanda 9800 adamlyk amerikan goşunynyň galjagyny we olary 2016-njy ýylyň aýagyna çenli doly çykarjagyny şu hepdede aýdyp, köpleri geň galdyrdy.

Owganystanda bu beýannama ABŞ-nyň harby we maliýe borçlaryna bildirilýän şübheleri artdyrdy. Owganlylaryň köpüsi daşary ýurtlardan maddy we beýleki kömekler bolmazdan, Owganystanyň gowşak howpsuzlyk güýçleriniň “Talybana” garşy durjakdygyna şübhelenip, ýurduň bulaşyklyga uçramagyndan aladalanma bildirýärler.

“Owganystanyň syýasy elitasynyň arasynda hakyky howatyrlanmalar bar” diýip, Kabul Uniwersitetiniň Owganystan merkeziniň müdiri Abdul Waheed Wafa aýtdy.

“Täze amerika fondunyň” Merkezi Aziýa boýunça bilermeni we Owganystanyň Fransiýadaky hem Kanadadaky öňki ilçisi Omar Samad Waşingtonyň Owganystandan öz goşunlaryny çykarmak boýunça iki ýyllyk planynyň ozal çak edilişinden has çakli boljakdygyny çak etmäge esas bar diýip belledi.

Omar Samad “Bu habar amerikanlaryň Owganystana we dünýäniň bu bölegine, soňky onýyllykdaky ýaly, o diýen çynlakaý garamajagyny görkezýär” diýýär.

ABŞ-nyň planlary

9,800 amerikan esgeriniň Owganystanyň 350000 esgerini türgenleşdirmek we “Al-Kaýda” bilen bagly güýçlere garşy çäkli görnüşdi söweşmek üçin galmagyna garaşylýar. Emma 2015-nji ýylda olaryň ýarpysy ýurdy terk eder, 2016-njy ýylda bolsa olaryň aglaba köpüsi gidip, diňe ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, uly bolmadyk bölegi galar.

ABŞ-nyň harby resmileri Waşingtonyň Owganystana ýardam bermegi bes etmegi bilen bagly aladalanmalary köşeşdirmäge çalyşdy. ABŞ-nyň we koalisiýanyň baş ýolbaşçylaryndan general Josef Dunford (Joseph Dunford) 28-nji maýda Kabulda geçiren metbugat konferensiýasynda ABŞ-nyň “owgan goşunynyň durnuklylygyna” goldaw bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Dalaşgärleriň pozisiýasy

Hamid Karzaýyň ornuna prezidentlik wezipesine geçmek ugrunda 14-nji iýunda saýlawlaryň ikinji tapgyrynda bäsdeş boljak dalaşgärler öňki daşary işler ministri Abdylla Abdylla we öňki maliýe ministri Aşraf Ghani ABŞ-nyň ýurtdan öz goşunlaryny çykarmak planlaryna seresaplylyk bilen çemeleşýärler.

Abdullah 29-njy maýda “France 24” agentligine beren interwýusynda “jogapkärçilikli çykyşa” çagyrdy

Aşraf Ghaniniň metbugat wekili Abass Noyan 28-nji maýda AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde ABŞ-nyň agzalýan planlarynyň “alada üçin esas döretmeýändigini” we Obamanyň Kabulyň Howpsuzlyk boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekmegine itergi berýändigini belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG