Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: "Harbylaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmaly"


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlyk maslahatyny geçirýär, 2-nji aprel, 2014.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlyk maslahatyny geçirýär, 2-nji aprel, 2014.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, harby gullukçylaryň watan goragynyň mukaddesligine çuňňur düşünmeginiň zerurdygyny nygtady.

Türkmen döwlet habarlar gullugy anna güni mejlisde «döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredilendigini» habar berdi.

Mejlisde, beýleki çagyrylan resmiler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew hem hasabat bilen çykyş edipdir.

Harbylar üçin myhmanhana gurulýar

Ol öz çykyşynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin gurulýan ýokary amatlykly jaýlaryň gurluşygy, şeýle-de watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin gurulýan ýokary derejeli myhmanhana barada habar berdi diýip, TDH ýazýar.

Prezident Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanmagynyň kepili bolup durýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyna yzygiderli eýerýändigini» belläpdir.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, prezident «ýurduň goranyş häsiýetinde bolan harby doktrinasyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ulgamyň maddy-enjamlyýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi» belläpdir.

«Hormatly prezidentimiz döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ýaragly güýçleriniň täze, ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň üstünlikli gullugy üçin ähli şertleriň döredilmegi, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylýandygyny nygtady» diýip, Türkmen telewideniýesiniň diktory aýdýar.

"Watan goragy mukaddes"

Şeýle-de prezident «her bir esgeriň, serkerdäniň mähriban watanymyzyň çäklerini, halkymyzyň parahatçylygyny we abadançylygyny goramak ýaly mukaddes borjy ýerine ýerine ýetirýändigine çuňňur düşünmeginiň zerurdygyny nygtady» diýip, habarda aýdylýar.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow «harby gullukçylaryň bilim we taýýarlyk derejesiniň hemmetaraplaýyn ösüşini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna» ünsi çekipdir.

Meredowyň Kabula sapary

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde watan goragçylary barada edilen gürrüň Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň öňünden planlaşdyrylmadyk sapar bilen Owganystana baryp, Kabulda prezident Hamid Karzaý bilen duşuşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Owgan habar serişdeleri bu duşuşykda türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýy barada hem gürrüň edilendigini ýazdylar.

Mälim bolşy ýaly, Azatlyk Radiosy soňky aýlarda bu sebitdäki howpsuzlyk meseleleri, hususan-da jeňçileriň serhetden aşyp, türkmen esgerlerini öldürmegi we olaryň ýaraglaryny olja almagy barada gepleşikler tapgyryny taýýardy.

Emma döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatynda bu ýagdaýlar barada maglumat berilmeýär. Türkmen metbugaty daşary işler ministri Reşit Meredowyň Kabula eden sapary barada hem maglumat bermedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG