Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň dymmak syýasaty


Metbugat köşgi, Aşgabat, 2011.

Metbugat köşgi, Aşgabat, 2011.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda negatiw, häkimiýetler tarapyndan oňaýsyz hasaplanýan habarlar barada dymmak, gazanyldy diýilýän üstünlikleri üznüksiz gaýtalamak adaty bir zada öwrüldi.

Tejribeden belli bolşuna görä, Türkmenistanda ýer yransa, gyş gazaply gelip, mallar ýa maldarlar horlansa, ýyl gurak gelse ýa derýa joşsa, ýol hadysasynda adam ölse ýa ýaralansa, hatda ýurt içinde giňden tanalýan we bütin manyly ömrüni döwlete, halka gulluk etmäge bagyşlan medeniýet, ylym, senagat, oba hojalyk işgäri, syýasatçy aradan çyksa hem, prezidentiň ölümi ýaly aýratyn alnan bir ýagdaý bolmasa, resmi metbugatda bu barada hiç zat aýdylmaýar.

Golaýda türkmen-owgan serhedinde gulluk edýän serhetçileriň birnäçesiniň Owganystan tarapyndan gelen ýaragly adamlar tarapyndan tüpeňlenip öldürilendigi barada habarlar çykdy. Emma resmi Aşgabat, türkmen metbugaty bu habarlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Mundanam başga, resmi Aşgabat şu habarlaryň yz ýany Kabula baran daşary işler ministri Reşit Meredowyň prezident Hamid Karzaý bilen bolan duşuşygy barada hem dymdy.

Türkmen metbugatynda Halkara hukuk guramalarynyň Türkmenistan barada çap edýän ýyllyk hasabatlary, adam hukuklarynyň ýagdaýy, syýasy-ykdysady, medeni we dini azatlyklaryň derejesi barada bildirilýän aladalar hakynda hem dymylýar.

Elbetde, Hitrowkada bolan atyşyk, Abadanda bolan partlamalar ýaly, daşary ýurt habar serişdelerine syzyp çykan wakalar barada türkmen metbugatynda, prezident derejesinde bir zatlar aýdylan ýagdaýynda, gysgaça resmi maglumat berilýär, emma şondan aňryk geçilmeýär.

Şol bir wagtda, ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, türkmen metbugaty goňşy ýurtlarda we sebitde bolýan uly wakalar, aýdaly, Owganystana, Yraga halkara goşunlarynyň girizilmegi, ol ýa-da beýleki ýurtda halkyň häkimiýete garşy gozgalaň etmegi, bir ýurduň prezidentiniň iş başyndan gyrakladylmagy ýaly habarlary hem ile ýetirmeýär.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda metbugat hakynda täze kanunyň kabul edilendigi, bu kanunyň maddalarynyň senzura ýol bermeýändigi aýdylýar.

Ýerli intellektuallaryň biri Türkmenistanda bar diýilýän üstünlikleri wasp edip, negatiw habarlar diýilýänler babatda eýelenýän pozisiýany «Yglan edilmedik bölekleýin dymmak syýasaty» diýip atlandyrýar.

Eýsem bu «syýasat» Türkmenistana, onuň hökümetine we halkyna nähili peýda ýa-da zyýan getirýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar.
Eger bu mesele baradaky pikir-garaýyşlaryňyzy iberip, söhbete goşulsaňyz, hoşal bolardyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG