Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Türkiýä sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-5-nji iýun aralygynda Türkiýe respublikasyna resmi sapar eder.

TDH bu habary Aşgabatda anna güni geçirilen hökümet maslahatyna salgylanyp ýaýratdy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, «ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-türk gepleşikleri iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmeli».

Saparyň dowamynda möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şeýle-de türkmen prezidentiniň türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň duşuşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG