Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bombaçynyň şahsyýetini anyklaýar


Birleşen Ştatlaryň resmileri Siriýanyň üç ýyllyk raýat urşunda janyndan geçip, bomba ýarýanlara goşulan ilkinji amerikan diýilýän raýatyň şahsyýetini anykladylar.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki (Jen Psaki) onuň Moner Mohammad Abu-Salhadygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň senatory, floridaly demokrat Bil Nelson (Bill Nelson) bu bombaçynyň Florida ştatyndandygyny aýtdy.

Oppozisiýa güýçleri biraz öň amerikan bombaçysynyň özüni Abu Huraýa al-Amriki diýip atlandyrandygyny aýdypdylar.

Ol 25-nji maýda dört adamyň biri bolup, hökümetiň elindäki Idlib şäherinde janyndan geçenleriň hüjümini amala aşyrmaga gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG