Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe howpsuzlygy berkidýär


Türkiýe hökümete garşy köpçülikleýin demonstrasiýalaryň ilkinji ýyl dönüminiň öňünden howpsuzlyk çärelerini gördi.

31-nji maýda Stambulyň merkezi Taksim skwerine müňlerçe polisiýa ofiseri ýerleşdirildi.

Türk mediasy şäherde 25 müň çemesi polisiýa ofiseriniň, onlarça suw pürküji maşynyň we bronly maşynyň ýerleşdiriljegini ýazdy.

Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan biraz öň ýaşlary protest aksiýalarynyň ýyl dönümini bellemek baradaky çagyryşlara gulak asmazlyga çagyrdy.

Geçen ýyl Stambuluň Gezi parkyny üýtgetmek planlary, polisiýanyň ganly basyp ýatyrmasyndan soň, halk protestlerine alyp geldi.

Bu gozgalaňda birnäçe adam öldürilen bolsa, müňlerçe adam hem ýaralandy.

Gezi parky babatdaky protestleriň guramaçylary 31-nji maýda Stambulda ýygnanyşga çagyrdylar.

Demonstrasiýalaryň başga-da birnäçe şäherde, şol sanda Ankarada, Izmirde, Antakýada hem bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG