Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Ukraina duýduryş berýär


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Ukraina GDA-dan çykmakda erkin, emma ol bu işi eden ýagdaýynda özüni GDA-nyň azat söwda zonasynyň ýeňilliklerinden hem mahrum eder diýdi.

Medwedew bu sözleri Minskde, GDA ýurtlarynyň premýer-ministrleriniň 30-njy maýdaky sessiýasynda aýtdy.

Kiýewdäki parlament deputatlary 14-nji martda bir kanun taslamasyny taýýarlap, Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi bilen baglylykda, Ukrainanyň GDA-dan çykmagyna çagyrdylar.

Medwedew GDA-nyň 30-njy maýda bolan Minsk duşuşygynda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmandygyny, sebäbi ukrain delagasiýasynyň, Kiýewiň Belarusdaky ilçisiniň ýeterlik ygtyýarlygynyň bolmandygyny aýtdy.

Bu duşuşyga Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Orsýetden, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan premýer-ministr ýa-da premýer-ministriň orunbasary derejesinde wekiller gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG